Göwreli zenanlarda lipoperoksidasiýa hadysalaryna möwsümleriň täsiri

14 Iýun 2021
1484

Lipidleriň perekisli okislenme (LPO) reaksiýalary ýa-da lipoperoksidasiýa bedende geçýän umumy metabolik hadysalarynyň düzüm bölegidir. Erkin-radikally patologiýalaryň döremeginiň we ösmeginiň wajyp patogenetiki mehanizmleriniň birine LPO -nyň işjeňleşmegi degişlidir. Belli bolşy ýaly, erkin radikallar 200-den gowrak keselleriň we patologik ýagdaýlaryň patogenezine gatnaşýandyr [1-4]. Şonuň üçin soňky döwürde LPO hadysalarynyň görkezijileri anyklaýjy test hökmünde kliniki tejribede giňden ulanylýar we bedeniň irki mahsus däl reaksiýalaryň görkezijisi diýlip hasaplanylýar [5]. Ondan başga-da, LPO hadysalary örän ýokary derejede duýgurly bolup, daşky gurşawyň täsir edýän dürli faktorlaryna, bedende döreýän garşylyk reaksiýalaryna işjeň gatnaşýarlar [6, 7].

Malon dialdegidi (MDA) LPO reaksiýalarynyň ahyrky önümlerine degişli bolan madda, şol sebäpli onuň mukdaryny kesgitläp, bu hadysalaryň ýagdaýyna baha berip bolýar [8].

Gülbagt MUHAMOWA, Gülşirin ROZYÝEWA, Mahym ESENOWA, Ýuliýa BABAÝEWA, Jeren GELDIÝEWA, Ogulgerek ANNAMEREDOWA
Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana, Aşgabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi
Beýleki habarlar