Hoz agajy

10 Fewral 2021
3170

Güneşli Diýarymyzyň ajaýyp baý ösümlik dünýäsi bar. Gojaman Köpetdagda gabat gelýän täsin agaçlaryň biri-de grek hozudyr. Täsin hoz agajy derelerde, çeşmeleriň boýunda ösýär. Hoz agajy, esasan hem, Hytaýda, Hindistanda, Owganystanda, Eýranda giňden ýaýrandyr. Hoz diňe bir adamlaryň däl, eýsem, ähli jandarlaryň halaýan iýmitidir. Grek hoz agajy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Hoz maňzynda 45 — 77 göterime çenli ýag bolup, esasan hem, lukmançylykda ýürek-damar kesellerini bejermekde giňden peýdalanylýar. Onuň kaloriýasy sygyr etine garanyňda 7 esse köpdür. Hozuň daşky gabygy boýag üçin çig mal hökmünde ulanylýar. Hoz agajy howanyň arassa ýagdaýda saklanmagyna hem oňyn täsir edýär. Bilermenleriň bellemeklerine görä, bir düýp hoz agajy ortaça üç adama bir ýyllap dem almaga ýeter ýaly kislorody öndürýär. Adatça hoz agajy aprel aýynda gülleýär. Sentýabr, oktýabr aýlarynda miwesi ýygnalýar. Hoz nahallarynyň boýy 2 — 3 ýyldan 1 metre çenli, köki bolsa, 60 — 80 santimetre çenli uzap gidýär. Hoz agajy 5 — 7 ýyldan soňra miwe berip başlaýar.

Hoz diňe bir lukmançylykda ulanylman, eýsem, tagam taýýarlamakda hem giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda hozuň maňyzlary, esasan, süýjülik tagamlary taýýarlamakda has köp ulanylýar. Şeýle hem, bu önüm konditer önümlerini öndürýän kärhanalarda dürli görnüşdäki süýji-köke harytlaryny taýýarlamakda hem giňden peýdalanylýar. Hoz dünýäniň dürli künjeginde iň hyrydarly harytlaryň biri hasaplanýar.

Beýleki habarlar