Gatnaşyklar berkidilýär

27 Ýanwar 2021
1917

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-belarus geňeşmeleri geçirildi. Oňa Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Wladimir Makeý gatnaşdy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygyň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri girizildi. Şunda däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Geňeşmeleriň dowamynda BMG, ÝHHG, GDA ýaly abraýly sebit we halkara düzümleriniň ugry boýunça gatnaşyklaryň netijeliligi bellenildi. Hususan-da, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeli ugry bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklar meselesi barada aýdyldy.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar