Parahatçylyga we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlyk

26 Ýanwar 2021
2056

Ýakynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň hoşniýetli gatnaşyklarynda taryhy waka boldy. Dost-doganlyk nyşany hökmünde halkara taslamalaryň, ýagny Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi şu ýylymyzyň turuwbaşdan öz adyna mynasyp şatlykly wakalar bilen başlanandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzda öndürilen önümlerden ybarat ynsanperwer ýükler ýüklenen ilkinji otlynyň Akina demir ýol bekedinden Andhoý demir ýol bekedine tarap ugur almagy çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Bu wakalar Türkmenistan döwletimiziň Aziýa sebitindäki geosyýasy ornunyň has hem berkeýändiginiň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň tutuş dünýä ýüzünde barha dabaralanýandygynyň ýene-de bir ykrarnamasy boldy.

Orazgylyç ORAZGYLYJOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar