Gadymyýetiň ýaňy

25 Ýanwar 2021
2815

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty hökmünde Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň iň asuda, abadan, gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Paýtagtymyzda geçirilýän iri möçberli halkara syýasy, ykdysady, medeni we sport çäreleri halkymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde, Aşgabatda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalar özüniň binagärlik aýratynlyklary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilýär. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda dünýäde iň ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde bellige alyndy. Şol ýyldan başlap hem her ýylyň 25-nji maýynda «Aşgabat şäheriniň güni» ýurdumyzda uly baýram edilip bellenilýär. Paýtagtymyzyň täze taryhy beýik wakalara baý bolşy ýaly, geçmişde hem uly şöhrata eýe bolupdyr. Baş şäherimiziň çäginde ýerleşen arheologik ýadygärlikler onuň taryhyny dikeltmäge uly mümkinçilikler döredýär. Olaryň hatarynda Aşgabady etekläp oturan Köpetdagyň dag galalary we minaralary sebitiň daşky duşmandan goragyny üpjün edendigi barada maglumatlary berýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda hem geçmişde ýurdumyzyň çäklerinde we Aşgabat şäherinde gurlan galalar, kerwensaraýlar hakynda täsin maglumatlar, olar bilen baglanyşykly rowaýatlar okyja ýetirilýär. Bu kitap ata Watanymyzyň taryhyny düýpli öwrenmekde, halkymyzy, aýratyn hem, ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyz bilen ýakyndan tanyşdyrmakda örän möhüm ähmiýete eýedir.

Ýazgeldi ÇARYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar