Gadymy ýörelgelere eýerip

21 Ýanwar 2021
2967

Hindi professory Mansura Haýdaryň ady dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde giňden bellidir. Ol uzak ýyllaryň dowamynda Hindistanyň Aligarh musulman uniwersitetinde Hindi-Günbatar hem-de Merkezi Aziýa döwletleriň taryhy dersinden bilim berdi. Hindistanyň hökümetiniň düzüminde ÝUNESKO-nyň guramagynda geçirilen halkara ylmy maslahatlara wekilçilik etdi. Hindistanyň Indira Gandi adyndaky milli sungat merkeziniň yslamyň we Merkezi Aziýanyň taryhy boýunça ylmy geňeşçi wezipesinde işledi. On bäş sany kitabyň hem-de köpsanly ylmy makalalaryň awtory bolan alym ýurdumyzda geçirilen halkara maslahatlara, forumlara yzygiderli gatnaşdy. 2014-nji ýylda Mansura Haýdar türkmen-hindi medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandy üçin hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Magtymguly Pyragy» ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Biz hindi alymy Mansura Haýdaryň türkmen-hindi medeni gatnaşyklary baradaky makalasyny okyjylara ýetirýäris.

Iňlis dilinden terjime.
Beýleki habarlar