Şadiwanyň şuglasy

18 Ýanwar 2021
3369

Eziz Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

...Köneürgençden günbatara, Sarygamyşa tarap giden kerwenler Mangyr belentligine çykypdyrlar. Onuň depesinde şu wagtlar hem etekleri bilen ýaýran uly şäheriň yzlaryny görmek bolýar. Bu ýere Mangyr gala diýilýär, ýöne onuň esasy ýörgünli ady Halapdyr. Ol Siriýadaky köne Halap şäheriniň adydyr. «Şasenem — Garyp» dessanynda bu şäheriň ady getirilýär. Bu ýerde ýene iki sany orta asyr şäheri bolup, olar Amyderýanyň Sarygamyş kölüniň etegindäki köne hanasynyň ugrunda ýerleşýär. Biri-birinden gatybir uzakda bolmadyk bu şäherlere dessandan alnan atlar dakylypdyr. Olar Kawkazda hem-de Türkiýede meşhur bolan Şamahy hem-de Diýarbekir şäherleriniň atdaşlarydyr. Orta asyr şäheri bolan Suwburun şäheriniň galyndylary sebitiň günortasynyň we Garagum çölüniň araçäkleşýän ýerinde ýerleşýär. Ol türkmen däbine görä, gadymdan bäri ýöne Şasenem diýlip atlandyrylýar. Bu zatlaryň hemmesi dessanyň nähili meşhurlyga eýedigine şaýatlyk edýär.

Beýleki habarlar