Belent maksat — aýdyň ýol

25 Dekabr 2024
72

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ajaýyp zamanada uly ösüşlere eýe bolýar. Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyna gönükdirilendir. Täze taryhy döwrümiz biziň öňümizde täze durmuşy, has aýdyň geljegi açdy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde we beýleki ugurlarynda gazanylýan ösüşler dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edildi. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns berýän esasy ugurlarynyň biridir. Gözümiziň alnynda gözelleşýän oba-şäherler, yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen belent tutumlar Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlarynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ata Watanymyz özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen öňe, röwşen geljege barýar. Bu bolsa amala aşyrylýan ähli işleriň baş maksadynyň halkymyzyň abadançylygyny, bolelin, eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdygyny görkezýär.

Nurgeldi IŞANOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar