Üstünliklere beslenen ajaýyp sepgitler

24 Dekabr 2024
89

Ýetip gelýän täze, 2025-nji ýylyň parahat durmuş, bereketlilik, agzybirlik baradaky ak arzuwlary, hoşniýetli däp-dessurlary, döredijilikli başlangyçlary alamatlandyryp, Milletler Bileleşigine agza döwletler tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygara beslenmegi her birimizi täze ruhubelentlige atarýar. Çünki her ýyl taryhyň bir sepgidini alamatlandyrýar. Täze ýylyň sepgidinde öň meýilleşdiren işlerimiziň näderejede üstünlikli amal edilendigini seljerip, geljek döwre umytly seretmek, täze maksatlary düzüp, olaryň myrat bolmagy üçin ýagşydan ýagşy arzuw edýäris.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda täze ösüşleri gazanmak ugrunda badalga berýän tutumlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ajaýyp sepgidi boldy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, paýtagtymyzyň günorta künjeginde bina edilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Medeni-seýilgäh toplumynyň merkezinde türkmen hem dünýä edebiýatynyň meşhur nusgawy şahyrlarynyň ýadygärliginiň oturdylmagy, şeýle-de «Magtymguly» atly goşgular ýygyndysynyň üç dilde çap edilmegi ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan ajaýyp eserleri döredijilere nesilleriň sarpasyny görkezýär.

Maýagözel ORAZGULYÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar