Bagtyýarlygyň gözbaşy

20 Dekabr 2024
100

Milli sportuň sazlaşykly ösüşi, bedenterbiýe we köpçülikleýin sagaldyş hereketiniň dabaralanmasy Watanymyzda ähli üstünligiň sakasy hasaplanýan sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň möhüm tapgyrydyr.

Çünki saglyk bagtyýar ýaşamagyň gözbaşydyr. Halkymyzyň bu hakykata aýdyň düşünýändigi bolsa ildeşlerimiziň şeýle çärelere köpçülikleýin gatnaşmagynda öz beýanyny tapýar. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekdäki ähmiýetli çärelerinde giňişleýin şöhlelendi. Iri halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlerimizi sylaglamak dabaralary, ajaýyp bäsleşikler hem-de köpçülikleýin sagaldyş çäreleri watandaşlarymyzyň köp sanlysynyň işjeň gatnaşmagynda geçdi. Şeýle çäreleriň iň naýbaşylarynyň biri hem noýabryň başynda Saglyk ýolunda guralan köpçülikleýin ýörişdir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli guralan ýörişe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy bolsa bu wakanyň has möhüm ähmiýete eýe bolmagyny üpjün etdi. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi jemgyýetimiz üçin sagdynlyga çagyryş, bagtyýarlyga çakylyk boldy.

Annamuhammet Saparow,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar