Türkmen bitaraplygy we parahatçylyk filosofiýasy

14 Dekabr 2024
225

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ýer ýüzünde parahatçylyk, dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy, Milli Liderimiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisindäki, Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde Er-Riýadda geçirilen «Bitewi suw» sammitindäki çykyşlarynyň halkara jemgyýetçilikde uly seslenme tapmagy, Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habar Halkara Bitaraplyk gününiň dabarasyny has-da artdyrdy.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda elimize gowşan «Hakyda göwheri» atly kitabynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmegiň halkymyzyň nesilbaşymyz Oguz han zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidigini nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen Bitaraplygynyň mazmunyny düzýän parahatçylyk filosofiýasy Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklarynda wajyp orny eýeleýär. Täze kitapda döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatlarynyň, şol sanda dostluk, goňşuçylyk däp-dessurlarynyň kökleri hem-de döwrebap ösdürilişi hakynda pikir ýöredilýär.

Saparmyrat OWGANOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.
Beýleki habarlar