Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: NIDERLANDLAR KOROLLYGY

1 Dekabr 2024
97

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Häzirki wagtda Niderlandlarda gerimi boýunça köp sanly başlangyçlar amala aşyrylýar. Şonuň üçin sirkulýar ykdysadyýetiň netijelilik görkezijileriniň aglabasy boýunça iň abraýly reýtinglerde bu ýurt öňdäki orunlary eýeleýär. PBL institutynyň bahalandyrmasynda 420 müň iş ýerinden we 1500 töweregi amala aşyrylýan innowasiýa başlangyçlaryndan ybarat bolan, takmynan, 85 müň görnüş işiň sirkulýar ykdysadyýete goşant goşýandygy aýdylýar. 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, Niderlandlarda adam başyna düşýän galyndylaryň döremeginiň we ýerli galyndylary gaýtadan işlemegiň derejesiniň gowulaşandygy, sirkulýar ykdysadyýetiň koeffisiýentiniň ýokarlanandygy bellenilýär. Materiallary peýdalanmagyň dolanyşyklylyk derejesi aýratyn täsir galdyrýar, ýagny bu ýurt 30 göterim umumy görkezijileri bilen birinji ýerde durýar. Niderlandlarda öndürijiniň giňeldilen jogapkärçiligi ykdysadyýetiň bäş pudagyny öz içine alýar. Şeýle üstünligiň gazanylmagy birnäçe faktorlaryň täsirli utgaşmasynda mümkin bolýar:

Gulbeşer BABAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar