Akyldaryň goşgularynda taryhy wakalaryň beýany

4 Dekabr 2024
208

Türkmeniň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umumadamzadyň genji-hazynasydyr. Pyragynyň şygryýet dünýäsinde ýüzlenmedik temasy ýokdur. Onuň şygyrlarynda watançylyk, erkinlik, ajaýyp ýurt gurmak baradaky islegler eriş-argaç bolup geçýär. Şol bir wagtda, Pyragynyň goşgulary hem pähim-paýhas nury, hem taryhy çeşmeleri beýan edýän etnografiki gollanma bolup çykyş edýär. Mysal üçin, onuň anyk maglumatlara esaslanýan «Çowdur han» goşgusynda 1753 — 1755-nji ýyllarda Etrek — Gürgen türkmenleri, Owganlar we Eýranlylar bilen bolup geçýän syýasy ýagdaýlar beýan edilýär. 1754-nji ýylda Çowdur han, Döwletaly han, Muhammedaly han, Begenjaly han, Magtymgulynyň süýtdeş doganlary Mämmetsapadyr Abdylla dagy ýörite Owganystana barandyklaryny «Çowdur han üçin» diýen goşgusynda anyk beýan edýär:

Ahmet patyşadan habar tutmaga,
Umyt etdi iller Çowdur han üçin.
Sag-salamat baryp, gaýdyp gelmäge,
Oňmady ykballar Çowdur han üçin.

Mähri AMANOWA,
Köneürgenç etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar