Milli ýörelgelerimiziň aýdyň beýany

3 Dekabr 2024
445

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby çapdan çykdy. Onuň halk köpçüligine ýetirilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitap Milli Liderimiziň döreden ajaýyp eserleriniň hataryny giňeldýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy dowam edýär.

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Aýdym-sazly bu dabara watandaşlarymyzy buýsanja besledi. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «Hakyda göwheri» atly kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bu asylly döredijilik işi üçin tüýs ýürekden ýürek sözlerini beýan etdiler.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar