Ykbalyny halka baglan akyldar

20 Noýabr 2024
304

Türkmen akyldary, şahyry we görnükli döwlet işgäri Patyşa Hojanyň ajaýyp eserleri, bitiren işleri geçmişde jemgyýetçilik durmuşynda uly rol oýnapdyr. Muny Gahryman Arkadagymyz hem «Ömrümiň manysy» atly kitabynda belläp geçýär.

Patyşa Hoja, takmynan, 1480 — 1570-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçýär. Ol Gökdepäniň Isbirden obasynda dogulýar. (Isbirden obasy Gökdepe etrabynyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň çäklerinde ýerleşýär, ol etrap merkezinden 7 kilometr töweregi günbatardadyr). Ol bilim almak we gulluk-iş ýagdaýlary bilen baglanyşykly Mary, Samarkant, Buhara, Balh, Hyrat ýaly ýerlerde ýaşaýar. Şahyryň ýaşan zamanasy bolan XV asyryň aýagy, XVI asyr bütin Merkezi Aziýanyň syýasy wakalara baý döwri bolýar. Şeýle syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýlaryň içinde ýaşan Patyşa Hoja özüniň bütin ömrüni, ylmyny, zähmetini halka bagyş edipdir. Ykbalyny halka baglan akyldaryň ömür-durmuşynyň pursatlaryna ser salanyňda, onuň hemişe halkyň durmuşynyň jümmüşinde bolandygyny duýmak bolýar. Ol halkyň ýaşaýşyny gowulandyrmak üçin döwrüniň syýasy-jemgyýetçilik işlerine, döwlet dolandyryşyna gatnaşypdyr. Şahyr halka hyzmat etmegi, ejize-misgine goldaw bermegi özüniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Muny şahyryň «Gülzar» eserinde Hezreti Hoja Abdyllanyň adyndan getirýän sözlerinden hem görmek bolýar.

Gülruh NURYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar