Parahatçylyk döredijilikli ýörelgeler

15 Noýabr 2024
304

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygrynda parahatlygyň geljege iň mukaddes mirasdygy, Bitaraplygyň, dost-doganlygyň saýlan aýdyň ýolumyzdygy hakyndaky pikirler çeper beýan edilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna uly taýýarlyk görülýän, Halkara Bitaraplyk gününiň barha golaýlaýan häzirki günlerde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik syýasaty dünýäde barha dabaralanýar.

Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen barha ösdürilýän Bitaraplyk ýörelgeleriniň häzirki döwürde örän zerurdygyny, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydygyny görkezýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän ideologiýasyna, döwletimiziň halkara ähmiýetli möhüm başlangyçlaryna, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Aýna BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň direktory.
Beýleki habarlar