Bitaraplygyň türkmen nusgasy dörediji ýaşlaryň gözi bilen

1 Ýanwar 2021
2140

Iki ýylyň sepgidinde — 2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we «Nesil» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Baky Bitarap Türkmenistan — meniň Watanym» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň we «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň ýolbaşçylary, bäsleşigiň ýeňijileri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz: «Zehinli adamlar Watanymyzyň ezizleridir. Zehini açmak bolsa eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän döwletli işlerde birjik-de ünsden düşürilmeýän wezipedir» diýip nygtaýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Baky Bitarap Türkmenistan — meniň Watanym» atly döredijilik bäsleşigi hem ýurdumyzyň ýaşlaryny döredijilige höweslendirmek, olaryň zehinlerini açmak maksady bilen guraldy. Düzgünnama laýyklykda, 35 ýaşa çenli bolan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary, ýaş žurnalistler, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary bäsleşige işjeň gatnaşdylar. Şunlukda, türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetini hertaraplaýyn açyp görkezýän publisistik makalalardyr oçerkleriň jemi 110-sy hasaba alyndy. Dörediji ýaşlarymyz bäsleşige hödürlän eserlerinde Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň hukuk aýratynlyklaryny, onuň sebit we halkara derejedäki ähmiýetini, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda goşýan ägirt uly goşandyny, milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryny ýokary çeperçilik bilen beýan etdiler.

"Nesil".
Beýleki habarlar