Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

12 Noýabr 2024
353

XXI asyrda häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerine täzeçe çemeleşmek adamzadyň öňünde möhüm wezipe bolup durýar. Bu gün hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgeleri halkara syýasatynyň aýrylmaz we esasy şertlerine öwrülýär. Ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk derejesi diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş sebitiň, şeýle hem dünýä döwletleriniň durnukly ösüşine gönükdirilendir. Garaşsyz döwletimiz Bitaraplyk ýörelgesini amala aşyrmak bilen, halkara işlerinde işjeň hereket edip, bellibir orny eýeleýär, döwletara özara gatnaşyklary giňeldýär, dünýä derejesindäki meselelere we parahatçylykly işlere gatnaşýar, anyk başlangyçlary öňe sürýär. Şol başlangyçlaryň biri-de halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze nusgasyny kemala getirmek bilen, Ýer ýüzünde ýüze çykýan ähli meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmekde dialoglar arkaly özara düşünişmegi, ynanyşmagy netijeli gural hökmünde öňe çykarmak ýörelgesi bilen baglanyşyklydyr.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bu ýörelgäniň halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýadyna öwrülýändiginiň görkezijisi boldy. Bu Kararnama ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu çözgüt dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk dialogynyň medeniýetini öňe sürmekde alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini görkezýär.

Eziz PUDAKOW,
Türkmenistanyň goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar