«Türkmenistanyň raýatsyzlygyň soňuna çykmagy dünýäde nusga alarlykdyr»

9 Noýabr 2024
306

diýip, sebitleýin maslahata gatnaşyjylar biragyzdan bellediler

Raýatlyk — adamyň esasy hukuklarynyň biri. Biziň köpimiz üçin bu tebigy bolmaly zat ýaly. Emma Zeminiň çar künjeginde şu ýönekeý, şol bir wagtda-da örän möhüm hukukdan peýdalanyp bilmeýän millionlarça adam ýaşaýar. Olar hemmeler ýaly jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy durmuşyna gatnaşyp bilmeýärler, adam üçin iň zerur ýaşaýyş hyzmatlary olar üçin elýetmez bolmagynda galýar... Diňe şu sananlarymyz hem «Türkmenistan raýatsyzlygyň soňuna çykdy» diýen habaryň aňyrsynda duran ägirt uly tagallalaryň äheň-ähmiýetini öz-özünden düşnükli etse gerek, megerem. Has anygy, soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 32 müň 144 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Häzirki wagta çenli 5 müň 152 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Şunlukda, «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň tamamlanýan ýylynda biziň ýurdumyz raýatsyzlyk meselesini doly çözmegi başardy. Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak meselesine bagyşlanyp geçirilen sebitleýin maslahatda-da, esasan, şu hakykata üns çekilip, Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünligine ýokary baha berildi.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar