Ak öýleriň ýaraşygy

3 Noýabr 2024
321

«7/24.tm»: №45 (23204.11.2024

Ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli gymmatlyklarymyzyň biri-de türkmeniň keçe sungatydyr. Ençeme asyrlar bäri dowam edip gelýän bu inçe senet ýylsaýyn il arasynda öz gymmatyny barha artdyrýar. Türkmen gelin-gyzlary keçe basmak işiniň inçe syrlaryny ýitirmän, milli keçelerimizi täze öwüşgin bilen baýlaşdyrýarlar. Keçeleriň dürli görnüşleri bolup, olar häzirki günlerde hem gündelik durmuşda giňden ulanylýar. Goşma keçe, ýan keçe, ojakbaşy, tör keçe ýaly keçelere salynýan nagyşlar hem biri-birinden tapawutlydyr.

Roza TAŞPOLATOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň buhgalteri.
Beýleki habarlar