Köňül köşgüniň zergäri

31 Oktýabr 2024
315

Akyldar şahyrymyzyň doglan senesiniň şanly 300 ýyllygynyň halkara gerimler bilen ýaýbaňlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň ruhy baýlygyny ähli zatdan ileri tutýandygynyň buýsançly beýany bolup dabaralandy.

Şu ýylyň şygary hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyna eýlenen ajaýyp goşgusynyň adynyň saýlanyp-seçilmegi hem-de şahyryň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde giňden bellenilip geçilmegi halkymyzyň medeni durmuşyndaky iň bir şanly wakalaryň toplumyna öwrüldi. Şu ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýylyň iň guwandyryjy wakalarynyň birine öwrüldi. Türkmeniň paýhas hazynasynyň hormatyna paýtagtymyzyň gözel künjeginde diklenen boýy altmyş metrlik heýkel bilen şahyryň adyny göterýän, dünýäniň söz ussatlarynyň 24 sanysyny özünde jemleýän medeni-seýilgäh bu taryhy hakykatyň nobatdaky gezek dabaralanmasy boldy.

Ýusup KLYÇEW,
Daşoguz welaýat Akdepe etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.
Beýleki habarlar