Alýuloza — saglyk üçin peýdaly şeker

29 Oktýabr 2024
325

«Mars» kompaniýasynyň alymlar topary Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde az kaloriýaly şekeri – alýulozany öndürmegiň oňyn çözgüdini tapdylar. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Alýuloza (D-psicose) adaty şeker bolan sukrozadan 10 esse az kaloriýaly tebigy şekerdir. Tebigy alýulozany injirden, kişmişden, bugdaýdan we klýon şerbetinden almak göz öňünde tutulýar. Tagamy boýunça adaty şekerden tapawutlanmaýan alýulozanyň artykmaçlygy onuň kaloriýasynyň pesdigi bilen düşündirilýär. Iýmit siňdirişde ol insuliniň derejesine örän az täsir edýär. Bu şeker süýji iýmegi halasa-da, saglygy zerarly bialaç saklanmaly bolýan adamlar üçin gowy çykalgadyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Röwşen BAÝRAMMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar