Gymmatlyklarymyzyň naýbaşysy

21 Oktýabr 2024
351

Türkmen alabaýy adamzadyň iň gadymy dosty, ýakyn syrdaşydyr. Häzirki wagta çenli ýüze çykarylan ylmy maglumatlar türkmen alabaýynyň dünýäde iň gadymy we sap ganly tohum itleriň biridigini doly ykrar edýär.

Şu jähetden, türkmen alabaýy diňe bir ynsanyň özüni, maşgalasyny ýa-da goş-golamyny däl, eýsem, daşky gara güýçlerden hem goraýan wepaly, gujurly, gaýduwsyz sakçy bolupdyr. Şol sebäpli-de parasatly pederlerimiz türkmen alabaýyny ynsanyň we onuň mukaddes ojagynyň asudalygynyň, bagtyýarlygynyň goragçysy saýýar. Ol ynsana bagtly durmuşy bagyş edýär diýip düşünýär. «It geldi, gut (bagt) geldi» nakylynyň manysy hem ynsanyň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşamagyna alabaýyň edýän täsiri bilen bagly döräpdir. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde türkmen alabaýy täze ykbala, gadymyýetdäki ýaly şöhrat-şanly abraý-mertebä gowuşýar. 2020-nji ýylyň 7-nji maýynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Şol ýylyň 31-nji awgustynda bolsa Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy diýlip atlandyryldy. Welaýatlarda bu assosiasiýanyň bölümleri döredildi we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen alabaý itleriniň tohumçylyk merkezleri guruldy. 2020-nji ýylda gurlan «Türkmen alabaýy» atly heýkel paýtagtymyz gözel Aşgabadyň bezegine bagtyýarlyk zamanynyň tyllaýy öwüşginini çaýdy.

Aşyr BERDIÝEW,
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar