Magtymguly Pyragy – paýhas ummanynyň almaz täjidir

18 Oktýabr 2024
299

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy, medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony ýaş nesle ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we adamkärçilik taýdan terbiýelemekde edebi mirasymyzyň uly ähmiýeti bardyr. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy düýpsüz ummandyr. Beýik şahyryň ajaýyp döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň ahlak, ynsap, ar-namys ýörelgeleriniň esasy akabasy bolman, eýsem, umumadamzat paýhasynyň hem almaz täji bolup durýar. Her bir türkmen beýik akyldary köňlünde özüçe ezizläp saklaýar, eserlerde, rowaýatlarda onuň keşbini döredýär.

Gahryman Arkadagymyz: “Akyldar Magtymgula diňe bir şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar. Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr” diýip belleýär. Şoňa görä-de, edebi mirasymyzyň şamçyragy bolan Magtymguly Pyragynyň ebedilige ýugrulan döredijiligini giňden wagyz etmek hem-de öwrenmek wajyp işleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şahyryň döredijiligi ylmyň we filosofiýanyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy.

Risalat ARSLANOWA,
Çärjew etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
Beýleki habarlar