Gülden görkli keşdeler

16 Oktýabr 2024
423

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Halkymyzyň medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň biri bolan türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanyp geçirilen bäsleşik ene-mamalarymyzdan gelýän keşdeçilik sungatyny mynasyp dowam etdirmegi, ýaşlarda bu sungata bolan söýgini artdyrmagy maksat edindi.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
Surata düşüren Alýona PAKULOWA. «Balkan».
Beýleki habarlar