Gymmatly tapyndylar — bahasyz hazyna

26 Sentýabr 2024
597

Medeni miras örän giň manyly düşünje. Ol maddy medeniýeti we däp bolup gelýän şahsy düşünjäni özünde jemleýän halk aýratynlygynyň bir düzüm bölegidir. Medeni miras muzeýlerde has aýdyň şöhlelenip, syýahatçylygy ösdürmekde, Diýarymyzy dünýä tanatmakda esasy ugur bolmagynda galýar. Muzeý işiniň wezipesi ruhy galkynyşy güýçlendirmekden, ata-babalarymyzyň gymmatly mirasyny dikeltmekden, gorap saklamakdan we geljekki nesillere ýetirmekden ybarat. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň taryhy tapyndylara baý bölümine syýahat has-da geň galdyryjy. Gadymdan galan, gaýtalanmajak eserler hakda ýazmak diýseň täsirli.

Ýazuw — adamzadyň döreden iň wajyp zatlarynyň biri. Ol dünýä medeniýetini ösdürmekde uly orun tutýar. Diňe ýazuw döredilensoň, siwilizasiýalaryň taryhy soňky bäş müň ýylyň dowamynda takyk ýazuw arkaly bellenilýär. Şonuň üçin ýazuwyň taryhyny öwrenmek geçmişde bolup geçen wakalary takyk bilmek üçin iň wajyp ugurlaryň biridir. Gadymy döwürde we orta asyrlarda dürli ýazuwlaryň ýaýramagynda medeni taýdan ösen käbir halklaryň orny uly bolupdyr. Şumerleriň döreden klinopisini b.e.öňki IV müňýyllykdan başlap, Ýakyn Gündogaryň halklary köp ýyllaryň dowamynda öz dillerine uýgunlaşdyryp, elipbiýli ýazuw ýa-da ýarym elipbiýli ýazuw döreýänçä ulanypdyrlar.

Bossan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar