Çeper sözüň ussady

14 Awgust 2024
723

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda oturdylan dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň arasynda türki dünýäsiniň meşhur söz ussady Ýunus Emräniň hem heýkeli bar. Ýunus Emre Anadolyda ýaşan türkmen şahyrydyr. Şahyr barada ýazylan işlerde onuň ady «Türkmen gojasy» diýlip atlandyrylýar. Ýunus Emre XIII asyryň ortalarynda, XIV asyryň başlarynda ýaşap geçipdir. Bu döwür Anadolyda Seljukly imperiýasynyň dargap, Türkmen beglikleriniň we Osmanly imperiýasynyň kemala gelýän döwrüne gabat gelýär.

Ýunus Emre barada halk arasynda dürli rowaýatlar hem bar. Halk özüne ýakyn saýýan şahsyýetleri barada dürli gahrymançylykly wakalary agzap, adyny ebedileşdirýär. Ýunus Emre barada ilkinji maglumat Hajy Bektaşy Weliniň «Welaýatnama» atly eserinde duş gelýär. Bu eser Ýunus Emre baradaky asyl çeşme hasaplanýar. Şahyr barada ýazylan ylmy işleriň aglabasynda bu çeşme esas alynýar. XVI asyrda ýaşan Mehmet Üftade bu hadysalardan käbirlerini gürrüň berýär ekeni.

Sonagözel KAKAMYRADOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar