Öýkeniň we bagryň utgaşan äpet ehinokokkozynyň hirurgiki bejergisi

5 Awgust 2024
579

Nur KOMEKOW, Nurmyrat KAKABAÝEW, Akmyrat MÄMMEDOW, Merdan HOJAMYRADOW
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň fakultet hirurgiýasy kafedrasy, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi

Öýkeniň we bagryň utgaşan äpet ehinokokkozynyň anyklanylyşy we hirurgiki bejergisi hirurgiýanyň wajyp meseleleriniň biri bolup galýar [1, 5]. Dürli organlaryň ehinokokkozynyň arasynda öýkeniň we bagryň utgaşan ehinokokkozy 1,5%-den 45%-e çenli gabat gelýär [2, 3]. Awtorlaryň aglabasy iki tapgyrly hirurgiki bejerginiň tarapdary, ýagny bir hirurg operatiw gatyşmany öýkenden başlasa, beýlekisi bagyrdan başlaýar. Ýöne käbir awtorlar hirurgik bejerginiň tapgyrlary ehinokokk kistasynyň ýerleşýän ýerine, onuň ululygyna we gaýra üzülmeleriň barlygyna bagly hasaplaýarlar [2, 4]. Köp hirurglar bir tapgyrly operatiw gatyşmany oňlaýar, ýagny iki tapgyrly operatiw gatyşmanyň tapgyrara döwründe gaýra üzülmeleriň ýüze çykmagynyň mümkindigini belleýärler [3].

Beýleki habarlar