Hemişelik Bitaraplyk: parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbitlerine

31 Iýul 2024
876

Şu ýylyň 5 — 7-nji iýulynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Aşgabada amala aşyran sapary örän möhüm waka bolup, munuň özi Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň ýokary derejededigini tassyklaýar. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Onuň esasy kesgitleýji häsiýeti guramanyň maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň Türkmenistanyň milli bähbitlerine laýyk gelýändiginden ybaratdyr. Bu maksatlar bolsa parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde öz beýanyny tapýar. Şeýle hem, dünýä syýasatynda ykrar edilen halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen kadalary tassyklamagy öz içine alýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek resmi taýdan ykrar edildi. Ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe sessiýalarynda wise-başlyklyk etdi. Döwletimiz bu abraýly wezipäni öňde boljak 79-njy sessiýada hem ýerine ýetirer. Häzirki wagta çenli türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň onlarçasy kabul edildi. Ýurdumyzyň teklibi boýunça halkara seneleriň üçüsi — 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni, 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni, 26-njy noýabrda bolsa Bütindünýä durnukly ulag güni bellenilýär.

Batyr ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň orunbasary.
Beýleki habarlar