Goşar sagatlarynyň taryhyndan

24 Iýul 2024
698

Durmuşymyza mäkäm ornaşan goşar sagatlarynyň taryhy barada bilmek gyzykly bolsa gerek. Adamlar gündelik durmuşda iş wagtlaryny, naharlanmak, dynç almak ýaly zerurlyklary wagtly-wagtynda ýerine ýetirmäge çalyşýarlar, munuň üçin bolsa goşar sagatlar zerur bolup durýar. Eýsem, wagty hasaplamakda iň amatly bolan goşar sagatlary haçan, kim tarapyndan oýlanyp tapyldyka? Taryhdan belli bolşy ýaly, ilkinji goşar sagadyny 1810-njy ýylda Naplesiň şa zenany Karolin Murat üçin Abraham-Luis Breguet atly adam ýasapdyr. Ilkinji goşar sagatlaryny zenanlar dakynypdyrlar, ýöne olar sagady wagty görmek üçin däl-de, ellerine bezeg bermek üçin bilezik hökmünde ulanypdyrlar. Ol wagtlar erkek adamlar jübi sagadyny ulanypdyrlar, soňra esgerler, uçarmanlar we başga-da birnäçe hünärmenler üçin goşar sagadynyň has oňaýlydygy anyklanylypdyr. Şeýlelikde, erkek adamlar hem wagty hasaplamak üçin şeýle sagatlary ulanyp başlapdyrlar.

Gündelik durmuşymyzyň möhüm bölegine öwrülen sagatlaryň mehaniki, awtomatik, kwars, analog, gibrid we «akylly» sagatlar ýaly görnüşleri halk arasynda has-da meşhurdyr. Tehnologiýanyň ösýän zamanasynda döredilen «akylly» sagatlar diňe bir wagty görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, el telefonyny, saglyk üçin gerekli serişdeleri özünde jemleýän, ukynyň sazlaşygyny üpjün edýän serişde hökmünde hem giňden ulanylýar. Häzirki wagtda birek-birege goşar sagatlaryny sowgat bermek üstünlik, işinde rowaçlyk arzuw etmegi aňladýar. Psihologlaryň bellemegine görä, erkek adamlaryň arasynda has meşhurlyga eýe bolan, nepis ýasalan goşar sagatlaryny dakynmak olaryň gazanan üstünliklerini dünýä görkezmek düşünjeleri bilen baglanyşdyrylýar.

Bägül BEGENJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar