Mebel önümçiligi ösüşli menzillerde

29 Maý 2024
1139

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz ähli babatda ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegi, bazar gatnaşyklaryna giň ýoluň açylmagy hususyýetçileriň sanyny artdyryp, olaryň arasyndaky bäsdeşligi hem güýçlendirýär. Sanlyja ýylyň içinde milli telekeçiligiň ösüşli ýollarynda baý tejribe toplan türkmen işewürleri bu günki gün daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde üstünlikli işleri alyp barýarlar. Ine, biziň welaýatymyzdan hem şeýle işbaşarjaň telekeçileriň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Kuwandyk Işkulowyň adyny aýratyn nygtamak bolar.

Ol Çärjew etrabynyň çägindäki agajy gaýtadan işleýän hususy önümçiliginde 2021-nji ýyldan bäri sargytlar esasynda dürli görnüşli mebelleri öndürmekde netijeli işläp gelýär. Bu hususy mebel önümçiliginde taýýarlanylýan oturgyçlar, dükanlar üçin tekjeler, öý we aşhana mebelleri, gapylar, geýdirme parketleri hil we bezeg aýratynlyklary bilen müşderileriň ünsüni özüne çekip, içerki bazarlarda geçginli önümleriň hatarynda meşhurdyr. Gysga wagtda gazanylan bu üstünlikleriň syry hakynda hususy önümçiligiň bezegçi-dizaýneri Rasul Allanow şeýle gürrüň berýär:

Atanyýaz ZÜLPIÝEW.
Beýleki habarlar