Et ugurly maldarçylyk

6 Maý 2024
976

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ajaýyp ussat halal önümleri» hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumynda sygyrlaryň aberdin-angus tohumyna degişli görnüşleri idedilýär.

Dünýäde gara mallardan jylka et almak üçin idedilýän tohumlarynyň görnüşi az däl. Şolaryň içinde iň köp ýaýrany gara angus ýa-da aberdin-angus tohumydyr. Bütin dünýäde ýokary hilli jylka etiň 80 göterimi hut şu tohuma degişli mallardan alynýar. «Mermer et» diýlip atlandyrylýan ýokary hilli jylka eti almak üçin idedilýän gara mallaryň beýleki meşhur tohumlaryndan Beýik Britaniýada ýüze çykarylan gereford ýa-da Ýaponiýada idedilýän wagýu sygyrlaryny agzamak bolar. Emma beýleki tohum mallar bilen deňeşdirilende, jylka et almak üçin aberdin-angus mallaryny idetmegiň bähbitlidigi mese-mälimdir. Aberdin-angus mallary beýleki tohumlara garanyňda, daşky gurşawyň şertlerine ýeňil uýgunlaşýar, çalt ýetişýär we köp et berýär. Şol bir wagtyň özünde onuň eti tagam babatda hem tapawutlanýar. Ine, şonuň üçinem, bilermenler aberdin-angus tohumyny et ugurly maldarçylygyň «gara merjeni» diýip atlandyrýarlar (Bu tohuma degişli sygyrlar, esasan, gara reňkde bolup, gara merjen hem tebigatda örän seýrek duş gelýär).

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar