Ynsan saglygy iň gymmatly hazynadyr

27 Mart 2024
710

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda mähriban Watanymyzda häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlaryna daýanýan tehnologiýalar, enjamlar saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Adam saglygy baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Halk lukmançylygynyň tejribeleri, bu ugurda yz galdyran şahsyýetleriň ömri, olaryň bize galdyran gymmatly mirasy çuňňur öwrenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede belleniljek akyldar şahyrymyz hem goşgularynda saglyk temasyna aýratyn üns beripdir. Onuň halkyň aňyna müdimilik siňen dürdäne setirlerinde beýan eden saglyk hakyndaky pikirleri häzirki günlerde hem öz gymmatyny ýitirenok. Ol: «Dürdür bu janyň lezzeti, //Saglyk anyň soltanydyr» diýip belleýär. Pyragynyň şahyrana döredijiliginde sagdynlyk we ruhubelentlik, sagdyn durmuş ýörelgesi giňden şöhlelenýär. «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun» diýmek bilen, şahyr saglygyňy kesellemezden ozal gorap saklamagy nesihat edipdir. Dana şahyryň «Çilimkeş», «Nas atan» ýaly goşgulary ýaramaz endikleri ýazgaryp, olara ýigrenç döredýär. Beýik söz ussadynyň ruhubelent we sagdyn ýaşamak, az iýip, az ýatmak, köpräk hereketde bolmak baradaky pikir-garaýyşlary, öwüt-ündewleri sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary bolan ähli adam üçin gymmatlydyr. 

Bagtyýar halkymyzyň sagdyn, abadan durmuşda ýaşamagy barada tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Berdaly Berdalyýew,
welaýat Polisiýa müdirliginiň bölüm müdiriniň orunbasary, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar