Bagtyýar çagalygyň mekanynda

27 Mart 2024
875

Ertirimiziň ýagty geljegi bolan ýaş nesil baradaky alada ýurdumyzda halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çagalary mähir, alada bilen gurşap alýan beýik ynsanperwerlik ýörelgeleri, taýsyz tagallalary hem aňryýany bilen şaýatlyk edýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi birnäçe maşgalalary bagtyýarlyga, röwşen geljegini bagtly, sagdyn günlere besledi. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň, esasan hem kömege mätäç çagalara hemmetaraplaýyn goldaw bermegi bilen pederlerimiziň öňden gelýän ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamat dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar