Durnukly ösüşiň möhüm ugry
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki maksatnamalaýyn çykyşynda Arkadagly Serdarymyz: «Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr» diýip bellemek bilen, innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça amala aşyrylýan işleri belledi. Hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyza, halkymyza ak ýürekden hyzmat etmek maksatlarynda öňde goýan meýilnamalary milli ýörelgelerimizi döwrebap ösüşiň tejribeleri bilen utgaşdyryp, durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleriň toplumlaýyn ulgamyny gurşap alýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljek 30 ýyl üçin Milli maksatnamasynda meýilleşdirilen tutumly işler hem olaryň bir bölegi bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakyn onýyllyklarda Türkmenistanyň Ýewraziýada ulag we energetika ulgamlarynyň geçýän esasy ýurtlarynyň birine öwrüljekdigini belleýär. Häzirki wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny doly güýjünde ulanmak, deňiz we derýa ulaglarynda daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak, hyzmatlaryň täze daşary ýurt ugurlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bu Halkara deňiz portuna ÝHHG-n