"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Dostlukdan nyşan

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden, pähim-paýhasyndan döreýän her bir eser diňe bir ýurdumyzyň raýatlarynda däl, eýsem, dünýäniň köp ýurtlarynyň millionlarça okyjylarynda uly gyzyklanma döredýär. Milli Liderimiziň ajaýyp eserleriniň köpüsi eýýäm ençeme dillere terjime edildi. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze alamaty boldy. Bu neşir iki goňşy halky birleşdirýän, asyrlaryň dowamynda taryhy we medeni taýdan ýola goýlan özara hoşniýetli erke esaslanan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Asyrlar aşan ýürekdeşlik

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup, türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Milli Liderimiziň 29-njy aprelde Gypjakdaky Baş metjitde beren agzaçar sadakasyna özbek doganlarymyzyň hem gatnaşmagy iki halkyň ruhy däplere, gadyrly gatnaşyklara ygrarlydyklaryny nobatdaky gezek açyp görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmen paýtagtynda hem «Daşkent» seýilgähini gurmak baradaky karara gelinmegi köpasyrlyk türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki döwürde has-da pugtalanýandygyny aýdyň görkezýär. Bular barada milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň özbek dilindäki neşiriniň ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda geçirilýän tanyşdyrylyş dabaralarynda edilýän çykyşlarda hem giňişleýin bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Bahreýniň Patyşasynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany döwlet Baştutanymyza kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly, çuňňur gynanç bildirip, tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýene-de bir gezek beýan etdi hem-de şu agyr günlerde milli Liderimize, maşgala agzalaryna güýç-kuwwat we durnuklylyk arzuw etdi.

Ýurdumyzyň wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 29-30-njy aprelde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly, bu mesele 26-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda gozgaldy. Şonda milli Liderimiz RF-niň Prezidentine foruma çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, oňa ýokary wezipeli türkmen wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny tassyklady.

Türkmenistan — Gazagystan: döwletara gatnaşyklara täze itergi

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Goňşy döwletiň Baştutany söhbetdeşligiň başynda milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly özüniň çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi, ähli gazagystanlylaryň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz duýgudaşlyk sözleri üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň halkynyň, onuň Lideriniň şu kyn günlerde çuňňur hasraty paýlaşýandygyna hormat goýýandygyny nygtady.

Türkmenistan — Täjigistan: geljegi uly ugurlar giňeldilýär

28-nji aprelde milli Liderimiz bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany döwlet Baştutanymyza kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi, täjik halkynyň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz şu kyn günlerde aýdan goldaw sözleri üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirip, deňlik, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini nygtady.

Türkmenistan — Türkiýe: dostlukly hyzmatdaşlyk

28-nji aprelde döwlet Baştutanymyzyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogana duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz Türkiýäniň agyr ýitgi zerarly ýürek ýarasyny we hasrat-gaýgyny paýlaşmagyna ýokary baha berýändigini, hormat goýýandygyny belledi.

Ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlylyk

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen wideoduşuşyk geçirdi 28-nji aprelde milli Liderimiz wideomaslahat görnüşinde «ARETI» (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, «King&Spalding» hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, «Rizvi Traverse Management LLC» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, «Legacy» maliýe kompaniýasynyň baş direktory, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

Şu hepdäniň çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Onuň tutanýerli zähmeti we türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary hemişelik hakydamyzda galar.

Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Sebitde strategik orny eýeleýän Türkmenistan tebigy serişdelere örän baýdyr. Diýarymyzda alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlary ýurduň yzygiderli öňe hereket etmegini gazanmakdan, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň hemmesini peýdalanmakdan, ähli ulgamlara iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Netijede, zehinli, zähmetsöýer türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini we derejesini durnukly ýokarlandyrmagy gazanmak maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, energetika pudagyny ösdürmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmek üçin maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, saglygy goraýyş, bilim, ylym we işewürlik ulgamlarynyň derejesiniň hil taýdan ösüşini üpjün etmek maksady bilen, täze maglumat tehnologiýalaryna maýa goýmak ýaly strategik ugurlar rowaçlygy gazanmagyň möhüm ýagdaýlary bolup durýar.

Tagallalar birleşdirilýär

Golaýda Milli Geňeşiň Mejlisinde parlamentleriň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk görnüşinde «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly duşuşyk geçirildi. Bu çäre türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guraldy hem-de şanly senelere — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we baky Bitaraplygyň 25 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyldy. Duşuşygyň dowamynda parlamentarizmiň gurallaryny häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ulanmak bilen bagly netijeli pikir alyşmalar geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň ençeme ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi.

Oňyn hyzmatdaşlyk

Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli, «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty ýurtda, sebitde we dünýä ýüzünde abadan, parahat ýaşaýşy üpjün etmäge gönükdirilen ýörelgeleri özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiz her ýylyň başynda milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşyk geçirip, kanunçykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi üçin degişli maslahatlary we tabşyryklary berýär. Olaryň hatarynda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gerimini giňeltmek, abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça tabşyryklar bar. Hormatly Prezidentimiziň bu tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde türkmen tarapynyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly parlament ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygynda geçirilip, ol syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Türkmenistan ýurdumyz ähli taraplaýyn kuwwatl

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

28-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Goňşy döwletiň Baştutany söhbetdeşligiň başynda milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly özüniň çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi hem-de ähli gazagystanlylaryň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi.

Özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegiň ýoly bilen

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde «ARETI» (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, «King&Spalding» hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, «Rizvi Traverse Management LLC» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, «Legacy» maliýe kompaniýasynyň baş direktory, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri üçin işewürlere minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz iri halkara işewür düzümleri we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär.

Arkadagyň ak ýoly bilen

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek ugrunda uly alada edilýär. Golaýda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda welaýat prokuraturasynyň, welaýat polisiýa müdirliginiň hem--de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli kämil şahslar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. Ata-babalarymyz ýaş nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras galdyrypdyrlar. Şol gymmatly mirasa daýanyp, ýaşlary Watana wepalylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeler esasynda terbiýelemek, häzirki wagtda baş wezipeleriň hatarynda durýar.

Parlamentara hyzmatdaşlykda möhüm ädim

Bu günki gün dünýä döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz dürli ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýar. Dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletleriň goldamagynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini, diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ornunyň bardygyny tassyklaýar.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn tejribe

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Çünki umumadamzat bähbitli bu ýörelgeler eziz Diýarymyzyň, şeýle hem beýleki döwletleriň-de aýdyň maksatlaryna ýetmegine, öz mümkinçiliklerini ulanyp bilmegine degerli täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy we oňa esaslanýan daşary syýasaty dünýäde we sebitde hoşniýetli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň baglaýjy halka bolup çykyş edýändigi umumy ykrar edilen ýagdaýa öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz her ýylyň başynda milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşyk geçirip, kanun çykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi üçin degişli maslahatlary yzygiderli bermek bilen bir hatarda, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek, abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek baradaky tabşyryklaryny berýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalar babatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly,

Ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk

Geçen çarşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde «ARETI» (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, «King&Spalding» hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, «Rizvi Traverse Management LLC» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, «Legacy» maliýe kompaniýasynyň baş direktory, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri üçin işewürlere minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 28-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Goňşy döwletiň Baştutany söhbetdeşligiň başynda milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly özüniň çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi hem-de ähli gazagystanlylaryň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 28-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Onuň tutanýerli zähmeti we türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary hemişelik hakydamyzda galar.