"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Däp bolan gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

17-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. «Oguz han» köşkler toplumynda döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň Baştutanyna öz adyndan we Türkmenistanyň ähli halkynyň adyndan Kazan şäheriniň 175-nji mekdebinde bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna, heläkçilige sebäp bolan pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini aýtdy. Prezident Rustam Minnihanow mähirli kabul edilendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe üns berýändigi, medet beriji sözleri, şu agyr pursatda bildiren duýgudaşlygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Türkmenistan — Gazagystan: dostluk ýörelgelerine eýerip

18-nji maýda döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýolbaşçysyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda bu gün Gazagystan Respublikasy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Dostlukly hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

17-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Tatarystanyň Baştutanyny «Oguz han» köşkler toplumynda mähirli garşylady. Hormatly Prezidentimiz we belent mertebeli myhman birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ýadygärlik surata düşdüler. Soňra Prezidentler ikiçäk duşuşyk geçirdiler. Onuň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi hem-de türkmen-tatar gatnaşyklarynyň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň täze derejesi

17-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Tatarystanyň Baştutany «Oguz han» köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde ony döwlet Baştutanymyz mähirli garşylady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçysyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda bu gün Gazagystan Respublikasy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda işlenip düzülen hemişelik Bitarap döwletimiziň 2017—2023-nji ýyllary öz içine alýan daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynda Garaşsyz Watanymyzyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen bir hatarda, abraýly halkara guramalary bilen işjeň we netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek wezipesi wajyp orun eýeleýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ulgamlaýyn esasda ösdürmek we berkitmek, şeýle hem ýurdumyzyň öňe süren halkara başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, milli Liderimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň tassyklanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Çärýek asyryň dowamynda öz hemişelik Bitaraplyk borjuna jogapkärçilikli eýerýän Türkmenistan döwletimiziň iri halkara guramalar we sebit düzümleri bilen alyp barýan netijeli gepleşikleri we olar bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynda uly ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň dürli edaralary, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa Bileleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi w

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklary ýylsaýyn berkitmek bilen, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň baý uglewodorod ýataklaryny netijeli özleşdirmek, Hazar sebitinden energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak üçin netijeli çäreleri görýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, strategik ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şol sanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça işlemegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol işleriň biri Hazardaky «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek bolup durýar.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşi

Goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, geljegi uly ugurlarda strategik hyzmatdaşlygy barha ösdürmek milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasatynyň özenini düzýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etmegi hem dostlukly türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüş ýolundadygyny şöhlelendirdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.

Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyna maýa goýumlary çekilýär

Ýurdumyz tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda döwletimiziň ykdysadyýetiniň nebitgaz we senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta — Gündogar ugurlary boýunça energetika hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär. Dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär. 12-nji maýda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça bu forum «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirildi.

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

TÜRKMENISTAN — ÝAPONIÝA: ikitaraplaýyn gatnaşyklar işjeňleşdirilýär 13-nji maýda hormatly Prezidentimiz bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam etdirilýär

12-nji maýda milli Liderimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň geljekde hem asyrlarboýy doganlyk gatnaşyklary bilen bagly bolan türkmen we azerbaýjan halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini belledi.

Strategik hyzmatdaşlygyň kuwwaty artdyrylýar

10-njy maýda döwlet Baştutanymyzyň Buýrugy bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti HHR-iň Sian şäherine iş saparyna ugradyldy. Saparyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiz bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutany Si Szinpiniň arasynda ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda gyzyklanmalar nygtaldy. Şeýle hem taraplar indiki ýyl iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýylyň dolýandygyny belläp, taraplar özara hormat goýmak, dostluk we özara gyzyklanmalara esaslanmak ýörelgelerine eýerýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelerine syn berdiler.

Gatnaşyklar berkidilýär

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.

Dostlukly däplere eýerip

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen ýurdumyzyň wekiliýeti 10-njy maýda HHR-iň Sian şäherine iş saparyna ugradyldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutany Si Szinpiniň arasynda ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda gyzyklanmalar nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 13-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar. Rehimdarlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk ýaly umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň nyşany bolan bu ajaýyp baýramyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 13-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de türkmen we gyrgyz halklaryna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Söhbetdeşler umumadamzat ahlak gymmatlyklaryny we ruhy ösüşi alamatlandyrýan bu nurana baýramyň dostlukly döwletara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 13-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda ýapon hökümetiniň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 13-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Pursatdan peýdalanyp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki dostlukly ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. “Goý, mukaddes Oraza aýynyň sahawatly günlerinde berjaý eden dessurlaryňyz hem-de doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.