"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Aýdyň maksatlardan ugur alyp

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki sanly ulgam arkaly çykyşyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarydyr mugallymlarynyň, talyplarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärede milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen sebit we halkara derejeli başlangyçlaryň taryhy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda nygtaýşy ýaly, umumy baş maksada ýetmek — ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegi döwletleriň hem-de iri halkara guramalaryň has ysnyşykly we utgaşykly gatnaşyklaryny talap edýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär. Ony ýokary guramaçylykda geçirmek maksady bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletler we halkara guramalar bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyryldy.

Durnukly ösüşiň bähbidine täzeçil teklipler

Ählumumy abadançylyga gönükdirilen tagallalar

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki «Ählumumy pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly Maksatnama gol çekmek dabarasy boldy. BMG tarapyndan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gol çekdi. Bu taslama döwlet gullukçylarynyň mümkinçiliklerini ýerli derejede pugtalandyrmaga, şeýle hem ilatly ýerlerde toplumlaýyn hem-de adamlara niýetlenen usullar arkaly halkyň howpsuzlygyny üpjün etmäge çemeleşmegi göz öňünde tutmak bilen, «Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny» amala aşyrmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, maksatnama aýry-aýry sebitleriň ýaşlaryna niýetlenip, olaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga, ýerli bileleşikleriň ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik berer. Taslama Türkmenistanyň Hökümetiniň milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryny Birleşen Milletler Guramasy bilen amala aşyrmaga gönükdirilen bilelikdäki işiniň çäklerinde durmuşa geçiriler.

Türkmenistan ― Özbegistan: geçmişi şanly, geljegi parlak hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda welaýat häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynda bir günlük iş saparynda boldy. Toparyň düzüminde welaýat, etrap häkimlikleriniň, hususyýetçileriň, oba hojalykçylaryň, söwda guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri boldular. Farap gümrük nokady arkaly goňşy döwlete geçen wekilçilikli toparymyzy Buhara welaýatynyň häkimi güler ýüz bilen garşylady. Bu ýerde Lebap welaýatynyň wekiliýetiniň gelmegi mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar guraldy.

Parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen BMG-niň Ştab-kwartirasynda geçen hepdede açylan 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Şu ýyl çäreleriň onlaýn hem-de oflaýn görnüşlerde geçirilýändigini bellemek gerek. Bu ýagdaý Ýer ýüzünde dowam edýän COVID-19 pandemiýasy bilen şertlendirilendir. Şu hepde — BMG-de döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň gatnaşmagynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň umumy geňeşmeleriniň hepdesi.

Dostlukly gatnaşyklaryň döwresinde

BUHARADA Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriniň birinde hormatly Prezidentimiz Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekilçilikli toparlaryny Özbegistanyň Buhara hem-de Horezm welaýatlaryna iş saparyna ugratmak bilen bagly Buýruga gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, 22-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň wekilçilikli topary goňşy döwletiň Buhara welaýatynda iş saparynda bolup geldi.

Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: hoşniýetlilik ýörelgelerine ygrarlylyk

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitine gatnaşdy 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynda iş saparynda boldy. Hormatly Prezidentimiziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine çagyrylmagy hem-de ŞHG-niň ozalky sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň uludygyna, milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan daşary syýasatynyň giňden ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki çykyşy

(2021-nji ýylyň 17-nji sentýabry, Duşenbe şäheri) Hormatly jenap Başlyk!

Türkmenistan — Täjigistan: abadançylyga gönükdirilen tagallalar

17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmaga hem-de ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Milli Liderimiz ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Duşenbä gelmek baradaky çakylyk üçin täjik kärdeşine sagbolsun aýdyp, myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, göwnaçyklyk hem-de Täjigistanyň başlyklyk etmegindäki bu möhüm çäräniň ajaýyp guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, sebitleýin görnüşde hem üstünlikli ösdürilýän türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda Prezidentler birek-biregi döwletleriň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar.

Türkmenistan — Eýran Yslam Respublikasy: döwletara gatnaşyklar berkidilýär

17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny we geljegini hem-de halkara syýasatyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz özüniň eýranly kärdeşini EYR-nyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Ygtybarly geljek üçin ynamly hyzmatdaşlyk

Hoşniýetli goňşuçylyk esasynda

Golaýda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny we geljegini hem-de halkara syýasatyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Netijeli hyzmatdaşlyk

Geçen hepdäniň anna güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Milli Liderimiz ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Duşenbä gelmek baradaky çakylyk üçin täjik kärdeşine sagbolsun aýdyp, myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, göwnaçyklyk hem-de Täjigistanyň başlyklyk etmegindäki bu möhüm çäräniň ajaýyp guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: sebitara dialogda milli Liderimiziň halkara başlangyçlarynyň nobatdaky dabaralanmasy

Hyzmatdaşlyk. Haýsy dilde ýaňlanýandygyna garamazdan, bu ýekeje söze adamzat ir döwürlerden bäri diňe gowy zatlary siňdirmäge çalşypdyr. Bu sözde adamzadyň özara ynanyşmak, arkalaşmak, daýanyşmak, birek-birekden gowy zatlary öwrenmek hem-de paýlaşmak ýaly oňyn sypatlary jemländigi aýan. Şolary gazanmak üçin bolsa hyzmatdaşlyga girýän taraplaryň arasynda iň esasy zat — özara ynam gerek. Ynam — syýasatda, halkara gatnaşyklarda, diplomatiýada binýatlyk ýörelge. Şol bolmasa, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak howaýylygyna galýar. Şol hakykatdan ugur alynsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyna täzeden garamak baradaky başlangyçlarynda öňe ädilen ädimdigini görmek bolýar. Milli Liderimiziň daşary syýasat ugrundaky sebit — yklym — dünýä halkasynyň bitewi zynjyrynda sebitara hyzmatdaşlyga möhüm orun degişli. Bitarap Türkmenistan üçin şeýle hyzmatdaş düzümleriň biri-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasydyr (ŞHG). Türkmenistanyň oňyn halkara başlangyçlarynyň goldanylmagynda bu guramanyň mynasyp paý

Geljegi uly hem ygtybarly hyzmatdaşlyk

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Hormatly Prezidentimiziň uçary Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde baýdak sütünlerinde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Asylly däbe görä, belent mertebeli türkmen myhmanyna gül gowşuryldy.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär

17-nji sentýabrda milli Liderimiz hormatly myhman hökmünde Täjigistan Respublikasynda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşdy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylda döredildi hem-de hemişelik esasda hereket edýän hökümetara halkara guramadyr.

Söwda ulgamynda sanly hyzmatlar ornaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar we dürli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda, hususan-da, innowasion ugurlara, sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine, dürli düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, pudaklaryň işine we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäniň, innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge barha möhüm ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda sanly ulgama geçmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek we kämilleşdirmek, ilatyň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barmak we beýleki wezipeler bellenilendir. Bu düzgünleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

«Expo 2020 Dubai» myhmanlara garaşýar

2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda açyljak «Expo 2020 Dubai» sergisine durmuşy özgertjek innowasiýalary açmaga tutuş dünýäden 25 milliondan gowrak adamyň gelerine garaşylýar. Bu ägirt uly çäre hyzmatdaşlygy we çözgütleri işläp taýýarlamagy höweslendirmäge gönükdirilendir. Çünki dünýä pandemiýadan soň ykdysadyýeti dikeltmäge tarap hereket edýär. Sergini 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2022-nji ýylyň 31-nji marty aralygynda «Bilelikde oýlanyp, geljegi döredýäris» («Connect thoughts, create the future») şygary astynda geçirmek göz öňünde tutulýar. «Expo 2020 Dubai» sergisine geljek 25 million adamyň 70 göterimi daşary ýurtly myhmanlar bolar.

Türkmenistan we Özbegistan söwda dolanyşygyny ýokarlandyrar

Daşkent şäherinde 15-nji sentýabrda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar ýakyn geljekde türkmen-özbek söwda dolanyşygyny ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna ýetirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Duşuşygyň barşynda ýurtlaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň oňyn ugurlary bellenildi. Şeýlelik bilen, häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýa goýumlary esasynda 160 sany kärhana hereket edýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 20% ýokarlandy.

Täze gözýetimleri nazarlap

Düýn Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda dostlukly ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan habar beriş maksatly çäre guraldy. Oňa Türkmenistanyň söwda-maýa goýum ulgamynda iş alyp barýan ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdul Aziz Abdulla Al-Haşemi çykyş edip, şu ýylyň 2-nji dekabrynda Garaşsyzlygynyň şanly 50 ýyllygyny belleýän Birleşen Arap Emirlikleriniň maýa goýum mümkinçilikleri, ýurdy geljek 50 ýylda ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulýan wezipeler, maýa goýum ulgamynda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy barada giňişleýin gürrüň berdi. Golaýda täze açylan invest.ae internet saýtynyň üsti bilen BAE-de telekeçilik işini alyp barmaga döredilen mümkinçilikler bilen tanyşlyk çykyşyň esasyny düzdi we diplomat türkmen hususyýetçilerini maýa goýum ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.