"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň aladasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji fewralda ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýerde görkezilen şekil taslamalary, gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyk işlerinde ulanylýan dürli bezeg serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň baş meýilnamasy, bu ýerde gurulýan Döwlet muzeýiniň şekil taslamasy, binanyň içki bezeg işleri, täze şäherde guruljak Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň teklip edilýän görnüşleri bar. Görkezilen taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen hä

Dost-doganlyk gatnaşyklaryna eýerip

Ýurdumyzda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýokary derejä ýetirilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanan daşary syýasat Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini şu ýylyň 21-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň ýurdumyza sapar bilen gelmegi ýene bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda mähirli garşylanan belent mertebeli myhman bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşuşygy boldy. Yzygiderli esasda geçirilýän ikitaraplaýyn gepleşikleriň ýokary netijeliligi durmuş-ykdysady ösüşiň we taraplaryň her biriniň ileri tutýan ugurlaryna doly laýyk gelýär hem-de däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak ugrunda umumy tagallalary açyp görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 22-nji fewraly) Hormatly Türkmenistanyň

Watan söýgüsi

Ata Watanymyz Türkmenistan Garaşsyzlyga eýe bolanyndan soň, türkmen halkyna erkanalyk, asudalyk ýar boldy. Döwletimiz Garaşsyzlygyň geçen ýyllarynyň dowamynda tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Şeýle hem halkara giňişliginde öz mynasyp ornuny tapyp, dürli meselelerde öz sesini goşmagy başarýar. Şeýle bagty ata-babalarymyz, Magtymguly Pyragy ýaly ägirtlerimiz arzuw edipdirler. Şol bagta türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda hem-de häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasatynda wysal tapdy. Hawa, Garaşsyz döwletiň raýaty bolmak her bir ynsan üçin uly mertebedir. Şonuň üçin her bir türkmenistanly Döwlet senamyzy eşidende ýa-da al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl Tugumyzy görende kalbyny buýsanç duýgusy gaplap alýar. Gözümiziň göreji, başymyzyň täji mähriban Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklaryň merkezine öwrüldi.

Işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi möhüm talapdyr

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Oba hojalyk pudagyndaky möhüm wezipeler

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň we wise-premýeriň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Täze eýýamyň taryhy tutumlary

Uly ösüşleri, giň gerimli özgertmeleri, şan-şöhratly wakalary taryha altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir iş, badalga berilýän her bir tutum, agzybirligimiziň, jebisligimiziň güwäsi bolup dabaralanýan her bir çäre bagtyýar halkymyzyň arzuw-isleglerinden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgeleriniň günbe-günden rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. 22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Iliň, ýurduň bähbidi üçin geňeş etmek, il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda geçirilýän şol geňeşiň barşynda hem amala aşyrylan işlere ser salyp, geljekki wezipeleri kesgitleýän çözgütleri kabul etmek pähim-paýhasly halkymyzyň asyrlar boýy mizemez ýörelgesi bolup gelýär. Bu ilhalar hem asylly ýörelgäniň täze eýýamymyzda dowamat-dowam bolýandygynyň güwäsine öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Berkara

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 22-nji fewraly) Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar!

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek — Türkmenistanyň täze başlangyçlarynyň ileri tutulýan ugry

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti şu ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy. Bu iri forum 120-den gowrak döwletiň, 80-den gowrak halkara guramanyň, şeýle hem iri kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Sammitiň gün tertibine laýyklykda, döwlet dolandyryşyny özgertmek we onuň netijeliligi, emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, geljegiň jemgyýeti hem-de bilimi, durnuklylyk, täze ählumumy tagallalar, şäherleşmäniň, saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly esasy alty mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Sammitiň barşynda ýurdumyzyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiziň halkara derejede öňe süren başlangyçlaryndan ugur alyp, ählumumy çemeleşmeler esasynda amala aşyrylmagy teklip edilýän üç meseläni beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek teklip edildi. Munuň özi 2016-njy ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatda badalga berlen “Aşgabat prosesiniň” amaly taýdan dowamy bolar. Bu teklip ulag ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, açyk maglumat binýadynyň we seljermeleriň esasynda degişli u

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek — Türkmenistanyň täze başlangyçlarynyň ileri tutulýan ugry

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek — Türkmenistanyň täze başlangyçlarynyň ileri tutulýan ugry

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti şu ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy. Bu iri forum 120-den gowrak döwletiň, 80-den gowrak halkara guramanyň, şeýle hem iri kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Sammitiň gün tertibine laýyklykda, döwlet dolandyryşyny özgertmek we onuň netijeliligi, emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, geljegiň jemgyýeti hem-de bilimi, durnuklylyk, täze ählumumy tagallalar, şäherleşmäniň, saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly esasy alty mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Sammitiň barşynda ýurdumyzyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiziň halkara derejede öňe süren başlangyçlaryndan ugur alyp, ählumumy çemeleşmeler esasynda amala aşyrylmagy teklip edilýän üç meseläni beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek teklip edildi. Munuň özi 2016-njy ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatda badalga berlen “Aşgabat prosesiniň” amaly taýdan dowamy bolar. Bu teklip ulag ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, açyk maglumat binýadynyň we seljermeleriň esasynda deg

Oba hojalygy: bosagada jogapkärli möwsüm

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Mejlisde Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde hem-de özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize, eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek we «Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2024-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberinde pul sowgatla

Innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy döwrüň talaby

24-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, ylmy-önümçilik we ylmy-barlag institutlarynyň gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigini belläp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň bu baradaky hasabatlaryny diňledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 22-nji fewraly) Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine gatnaşyjylar!Eziz watandaşlar!

Watanymyzyň ykdysady kuwwaty artýar

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy. 20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän, birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 22-nji fewraly) Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine gatnaşyjylar!Eziz watandaşlar!

Ýaşlar — Watanyň daýanjy

— Ilatynyň bagtyýar ýaşaýşyny, ykdysadyýetiniň gülläp ösüşini üpjün edýän ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýy, tutýan orny, ýurdumyzda geçirýän durmuş-ykdysady özgertmelerimiz ilatyň sanyna, ýaş düzümine hem täsirini ýetirýär. — Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde hem-de özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize, eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek we “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2024-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberinde pul sowgatl

Her bir işde iliň-ýurduň bähbidi

Her gezek ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen taryhy waka bilen bagly bir zat ýazmaly bolanda, ilki ony kemsiz öwrenýäň. Soň bolsa onuň il-ýurt bähbitli ajaýyp işlerdir başlangyçlardan dolulygyna göz ýetirip, ylham atyna atlanyp, olaryň birini-de galdyrman, ýazasyň, halka ýetiresiň gelýär. Şol pursat Şemsi Töwriziniň «Çeken zähmetiň bilinmez, eden işiň görünmez öýtme, garaňky gijede gara garynjany gören bar» diýen sözleri dünýäňi has-da ýagtyldýar. 22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi we onuň dowamynda çözgütlerine gowşan meseleler bilen tanşyp hem «Munda her bir iş diňe il-ýurduň bähbidine, abadan durmuşyň üpjün edilmeginiň hatyrasyna. Bu işleriň gadyryny ýaşuly nesil has gowy bilýändir, bu işlerden häzirki jemgyýet döredijilikli zähmete ruhlanýandyr, geljek nesilleriň bolsa alkyşy tükenmezdir» diýeniňi duýman galýarsyň. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 9-njy fewralda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli Karar bilen tassyklan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş