"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Halkymyzyň tutanýerli zähmeti bilen eziz Diýarymyz üstünliklere beslenýär

Geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ösüş depginini we döredijilik kuwwatyny giňden açyp görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ynsanperwer döwlet syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. 6-njy maýda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ekinlerden bol hasyl almak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň ýokary derejede bolmagynyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň! Bu gün biz şöhratly ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny belent buýsanç we hoşallyk duýgusy bilen sarpalaýarys. Olar egin-egne berip, geljek nesilleriň azatlygy, garaşsyzlygy, mynasyp durmuşda ýaşamagy ugrunda söweşdiler.

Arkadagly ýaş nesil at — myrat bilen geljege!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi. Gahryman Arkadagymyz akademiýanyň ýapyk manežine geldi. Bu ýerde atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar Milli Liderimizi şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň ata bolan höwesini mübärekläp, olar bilen söhbetdeş boldy. Ýaş nesilleriň bedew atlara bolan söýgüsiniň halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden atşynaslyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowamata atarylýandygynyň mysalydygyny belledi.

Halkymyzyň abadan durmuşy üpjün edilýär

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Asylly ýörelgeler ösdürilýär

9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kreml binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Ahal welaýatynyň Bäherden etraby, 2024-nji ýylyň 8-nji maýy) Hormatly adamlar!Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Milli medeniýetimize sarpa

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitap biziň üçin gymmatly baýlykdyr, ruhy hazynadyr. Ýurdumyzyň gadymy ýerleri, halkymyzyň döreden medeniýeti her bir ynsanyň ýüreginde buýsanç döredýär. Ak bugdaýyň mekany! Nähili ajaýyp we ýürege ýakymly söz. Şeýle sözde, şeýle jümlelerde halkymyzyň şöhratly taryhyny, gadymdan gelýän milli medeniýetini görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda beýan edilýän taryhy maglumatlar bilen tanşyp, biz türkmen halkynyň taryhy hakynda bilmeli zatlarymyzyň örän köpdügine göz ýetirdik, has takygy, ol biziň öňümizde täze bir älemi açdy. Gadymy Änew medeniýeti taryhy özboluşly medeni hadysadyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu kitabynda parasatly pikirleri öňe sürýär, taryhda beýik yz goýan alymlaryň atlaryny beýan edýär. Munuň özi dünýäniň taryhyna uly goşant goşan medeniýetiň alymlar tarapyndan öwrenilýändigini aýdyň beýan edýär. Bu baradaky gyzykly maglumatlar kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ýe­ňiş gü­ni my­na­sy­bet­li Mosk­wa­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­la­ra gat­naş­dy

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň 79 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly çä­re­le­re hor­mat­ly myh­man hök­mün­de gat­naş­dy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 10-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň berekedi we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2024-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi bilen şertnama baglaşmak esasynda ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz, ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmäge borçly edildi. «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine bugdaýy kabul ediş

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 10-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 10-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Sizi we Türkmenistanyň halkyny Beýik Ýeňiş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gyrgyzystanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň kalbynda Ýeňiş güni edermenligiň, gahrymançylygyň, wepalylygyň we özara goldaw bermegiň nyşany bolmagynda galar. Bu gün biz frontda söweşen, tylda gaýduwsyz zähmet çeken gahrymanlary hatyralaýarys. Olaryň edermenligi häzirki we geljek nesiller üçin watansöýüjiligiň beýik nusgasydyr.

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň berekedi we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2024-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi bilen şertnama baglaşmak esasynda ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz, ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmäge borçly edildi. “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine bugdaýy kabul

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet, jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hatlarynda türkmen halkynyň Beýik Ýeňşi mukaddes hasaplaýandygyny belleýärler. Mertligiň, gaýduwsyzlygyň, mähriban topraga söýginiň belent nusgasyny görkezip, söweş meýdanlarynda wepat bolan gerçekleriň ýagty ýadygärliginiň ebedileşdirilmegine ýurdumyzda aýratyn ähmiýet berilýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu baýram bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň işgärleriniň adyndan M.Çakyýew, G.Akmämmedow, A.Atamyradow, B.Annaýew, H.Hudaýgulyýew, D.Saburow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

(Ahal welaýatynyň Bäherden etraby, 2024-nji ýylyň 8-nji maýy) Hormatly adamlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününiň dabaralaryna gatnaşdy

8-nji maýda günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. 9-njy maýda hormatly Prezidentimiz 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Täze desgalar ýurdumyzyň kuwwatlylygyndan nyşan

Diýarymyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Munuň şeýledigini 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygynyň öňüsyrasynda — 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatyndaky täze, möhüm desgalaryň — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň ulanylmaga berilmeginiň mysalynda görýäris. Dabaranyň geçirilýän ýerine Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçiligiň wekilleri ýygnandylar.

Toýly mekan özgerýär

Berkarar Watanymyzda toýlar toýa ulaşýar. Ýeňiş gününiň bosagasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamynyň Ahal welaýatyna düşmegi, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda welaýatymyzyň çäginde “Bäherden” sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň hem-de “Ýaşlyk” suw arassalaýjy desgasynyň açylyp, işe girizilmegi Ýeňşiň 79 ýyllygynyň toý joşgunyny has belende göterdi. Hormatly Prezidentimiz “Bäherden” sement zawodynyň açylyş dabarasyndaky çuň manyly çykyşynda Ahal welaýatynyň ilatyna ýolagçy awtobuslarynyň 200-sine golaýynyň sowgat berilýändigini aýdyp, dabaranyň barşynda şol jemgyýetçilik awtoulaglaryň açarlaryny welaýat häkimine gowşurmagy şatlygymyzy goşalandyrdy. Bu wakalar ösüş-özgertmelere beslenen üstümizdäki şanly ýyla şan goşdy.