"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Resmi habarlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döwletimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny dünýä giňden ýaýmak, Aşgabadyň ýurdumyzyň baş syýasy, durmuş-ykdysady, tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, döwletimiziň ylym-bilim hem-de medeni merkezi bolup, dünýäniň öňdebaryjy we ösen şäherleriniň hatarynda mynasyp orun alýandygyny halkara jemgyýetçilige açyp görkezmek, baş şäherimiziň geçen taryhy ösüş ýolunyň özboluşlylygyny wagyz etmek hem-de häzirki döwürde Aşgabatda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň dünýä nusga alarlyk bolup durýandygyny äşgär etmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk baýramyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Hökümet topary döredildi hem-de bu toparyň düzümi, geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna he

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer, daşary işler ministri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Möhüm wezipeler kesgitlenildi

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bu guramanyň 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ýokary derejeli 14-nji mejlisine türkmen tarapynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şu ýylda Türkmenistan YHG-a başlyklyk eder. Bu wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli konsepsiýanyň taslamasy taýýarlanyldy we onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda YHG-a agza ýurtlarda maýa goýum işini ösdürmek, erkin söwda-ykdysady zolaklary döretmek, söwda, ulag we logistika, energetika ugurlaryny nazara almak arkaly täze ykdysady geçelgeleri kemala getirmek ýaly ugurlar bar.

Ähli ösüşleriň gözbaşy

Arkadag Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp, ýurdumyzda halkyň bähbidine gönükdirilen beýik işler amala aşyrylýar. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi, ösen tehnologiýalardan baş çykarmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Bilim ojaklarynda öňdebaryjy iş tejribesiniň, multimediýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy, sanly ulgamyň elýeterli bolmagynyň üpjün edilmegi ýaşlaryň aň-düşünjesiniň, dünýägaraýşynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserleri bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlary ylma, bilime höweslendirmekde, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanmalar bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda: «Häzirki döwürde biz Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň binýadyny ylym-bilimiň ösüşlerinde görýäris. Ýurdumyzyň geljegi adamlardadyr, olaryň döredijilik ukybyndadyr diýmek bilen, biz ylym-bilim ulgamyndaky netijeli işiň derwaýysdygyny nazara alýarys. Ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, onda ylym-bilimiň döwrebap ösüşi babatdaky döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir» diýip belleýär. Şu sözlerdenem görnüşi ýaly, ýurdumyzda gazanylýan ähli ösüşleri

Belent sepgitlere badalga

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat bilen çykyş etdiler. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

Aşgabat — özgertmeleriň kerwenbaşysy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ak mermerli Aşgabat özüniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny belleýär. Paýtagtymyz gür bagly seýilgähleri, ýaşyl zolaklary, altynsow gümmezleri, özboluşly binagärlik aýratynlygy bolan beýik binalardyr desgalary bilen Watanymyzyň şu günki ajaýyp döwrüni hem-de nurana geljegini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş-ykdysady, medeni we ruhy mümkinçiliklerinde durmuş ulgamy möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalary gurmak hem-de binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň öňe süren uzak geljege gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen parahatçylyk döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň hem-de abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Soňky döwürde ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we beýleki guramalaryň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly dürli derejedäki maslahatlaryň, duşuşyklaryň, gepleşikleriň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi netijesinde şol gatnaşyklar hil taýdan täze derejä eýe bolýar. Bu çäreleriň barşynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenilýär. Geçen hepdäniň anna güni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdylar. Her ýyl geçirilýän bu çäre ilkinji gezek wideomaslahat görnüşinde guralyp, oňa 57 ýurtdan parlamentarileriň 270-e golaýy gatnaşdy.

Mynasyp dalaşgärler hödürlenildi

Golaýda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine guramaçylyk meseleleri, şol sanda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça hödürlenilen dalaşgärleri bellige almak, saýlawlar güni ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň ses bermek boýunça mejlisleriniň geçiriljek ýerleriniň sanawyny tassyklamak meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredowa söz berdi. Wise-premýer, daşary işler ministri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek hem-de “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2021-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möç

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Türkmenistan arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan ýurdudyr, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň mekanydyr

Geçen hepdäniň esasy wakalarynyň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her ýylyň başynda Mejlisiň deputatlary bilen geçirýän duşuşygy bolup, onuň barşynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin kanunçykaryjylyk babatda milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler bilen baglylykda Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ykdysady kuwwatyny artdyrmak hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak bu ugurda geçirilýän işiň esasy wezipeleri hökmünde bellenildi.

Beýik maksatly işler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içeri we daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär hem-de degişli çözgütleri kabul edýär. Muňa milli Liderimiziň geçirýän Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, iş maslahatlarynda garalýan meseleleriň we kabul edilýän kararlaryň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde käbir resminamalaryň taslamalaryna hem garaldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 26-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer, daşary işler ministri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden çykyşy

Hormatly deputatlar! Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

Aşgabat gündogaryň merjen şäherine öwrülýär

24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy. Taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda milli Liderimiz binalaryň gurluşygynda ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna, olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Ýurdumyzyň kanun çykaryjy ulgamynyň işi kämilleşdirilýär

25-nji fewralda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşdy.

Kanunyň kämilligi — jemgyýetiň sagdynlygy

Milli Liderimiz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy 25-nji fewralda Ruhyýet köşgünde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Aşgabat täze sepgitleri nazarlaýar

Ýurdumyzda bolup geçýän düýpli özgertmeleriň öň hatarynda barýan ak mermerli Aşgabat özüniň ajaýyp binagärlik gurluşy bilen haýran galdyrýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyz ýüzlerçe nusgalyk binalara we desgalara, şol sanda iri ýaşaýyş toplumlaryna beslendi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik strategiýasyna baglylykda, sazlaşykly ösýän türkmen paýtagty şäherde ýaşamagyň döwrebap we ähli amatlyklary bolan köpugurly nusgasyny özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda şular ýaly giň möçberli özgertmeleriň Türkmenistanyň ähli sebitlerinde, şäherlerinde we obalarynda giňden ýaýbaňlandyrylandygyny aýratyn bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy

25-nji fewralda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli Parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşdy.