"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Ministrler Kabinetiniň we Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisi

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty-myza iş sapary bilen gelip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy. Gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi.

Habarlar

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ GUTLAGYTürkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy mynasybetli, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlag iberdi. Gutlagda şeýle diýilýär: «Oraza baýramy adamzadyň ruhy tämizlik, ahlak arassalygy, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dostluk we doganlyk, şükranalyk hem-de agzybirlik ýaly gymmatlyklaryny dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, müňýyllyklaryň dowamynda örän baý medeni we ruhy gymmatlyklary döreden halkymyz beden we ruhy taýdan päklenmegiň, haýyr-sahawatyň keremli aýy hökmünde Oraza aýyna, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň mübärek gijesi bolan Gadyr gijesine aýratyn sarpa goýýar». * * *

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar. Gürrüňdeşligiň dowamynda rehimdarlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk ýaly umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň nyşany bolan bu ajaýyp baýramyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Döwlet özygtyýarlygynyň nyşanlary

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň we paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uludan bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde toýlanmagy halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän hem-de halkara derejesinde giň goldawa eýe bolýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüji, ynsanperwer we hoşniýetli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny bu günki gün dünýä ykrar edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy goşa mukaddeslik bolup durýar. Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ýörelgelerimizi özünde jemläp, umumadamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşygy emele getirýär. Munuň şeýledigini bolsa Döwlet baýdagymyzda haly gölleriniň we bitewüligi hem-de agzybirligi aňladýan bäş ýyldyz we ýarym Aýyň şekilleriniň ýerleşdirilmegi hem aýan edýär. Şeýlelikde, Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň Garaşsyz, özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary bolup durýar.

Heýkelleriň täsin sungat, paýtagtym!

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäde özüniň ak mermer binalary, ajaýyp suw çüwdürimleri, ylaýta-da, ençeme seýilgähleriň görküne görk goşýan täsin heýkelleri bilen has görkana keşbe eýedir. Paýtagtymyzyň çar künjegini bezäp oturan heýkelleriň taryhy köklerine ser salmak, ýaş taryhçy bolamsoň, meniň üçin diýseň ýakymly. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halkynyň suratkeşlik, zergärçilik, heýkeltaraşlyk sungatynyň akabasynyň gözbaşy örän gadymy döwürlerden gaýdýar» diýip nygtaýşy ýaly, paýtagtymyzyň heýkeltaraşlyk sungatynyň taryhy öz gözbaşyny has alyslardan alyp gaýdýar.

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar. Rehimdarlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk ýaly umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň nyşany bolan bu ajaýyp baýramyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklary ýylsaýyn berkitmek bilen, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň baý uglewodorod ýataklaryny netijeli özleşdirmek, Hazar sebitinden energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak üçin netijeli çäreleri görýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, strategik ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şol sanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça işlemegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşlikleri

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew söhbetdeşligiň barşynda özara hormat goýmak, ynanyşmak hem--de açyklyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň strategik we netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Jemgyýetiň öňdebaryjy güýji

Döwletimizde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim almagy üçin ähli şertleri üpjün etmek, zehinli ýaşlara goldaw bermek, ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen şertleri döretmek işleri maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Bu resminamalarda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň arasynda halkymyzyň ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen giň çäreler bellenilýär. Ýaş nesli watançylyk, raýat jogapkärçiligi, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, ýaş maşgalalary goldamak babatdaky wezipelere uly üns gönükdirilýär. Ýaşlary işe ýerleşdirmegi gowulandyrmak maksady bilen, täze önümçilikleri, işleriň görnüşlerini we iş ýerlerini döretmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak hem baş wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň bilimlerini kämilleşdirmek, şol sanda daşary ýurt dillerini

Ýangyç-energetika pudagynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.

Diýarymyzda rowaçlanýan ajaýyp ýörelge

11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Ozal habar berlişi ýaly, şanly sene mynasybetli 10 — 25-nji maýda şeýle çäräni geçirmek başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary çykyş etdiler. Şunda milli Liderimiziň ekologiýany we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky giň gerimli işleri aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Şanly senelere we jogapkärli möwsümlere taýýarlygyň esasy ugurlary

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňümizdäki baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere seredildi. Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Habarlar

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ GUTLAGY Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Gutlagda: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde bu halkara forumyň ähmiýeti örän uludyr» diýlip bellenilýär.

Güýç-kuwwatyň we döredijilik ylhamynyň gözbaşy

11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Şanly sene mynasybetli 10 — 25-nji maýda şeýle çäräni geçirmek başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary çykyş etdiler. Şunda milli Liderimiziň ekologiýany we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky giň gerimli

Ekologik medeniýeti kemala getirmek wajyp wezipedir

Milli Liderimiz ekologiýa çäresiniň çäklerinde welosipedli ýörişe gatnaşdy 11-nji maýda döwlet Baştutanymyz ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Mälim bolşy ýaly, şanly sene mynasybetli 10 — 25-nji maýda şeýle çäräni geçirmek başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary çykyş etdiler. Şunda hormatly Prezidentimiziň ekologiýany we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky giň gerimli işleri aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen tagallalar

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňümizdäki baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere seredildi. Milli Liderimiz ilki bilen paýtagtymyza gözegçilik edýän wise-premýeri hem-de Aşgabat şäheriniň häkimini göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk desgalarynda işleriň barşy barada hasabat berdi.

Her gymmatly eseriňiz, zamanaň bagty, Arkadag!

Ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimize pugta uýýan halkymyz toýa sowgatly barmak däbini döwletliligiň nyşany hasaplaýar. Ine, hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby gözel paýtagtymyzyň döredilmeginiň şanly 140 ýyllyk toýuna ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Täze kitap bagtyýarlyga beslenip ýaşaýan halkymyz, aýratyn-da, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy gözüniň göreji deýin ezizleýän Watan goragçylarymyz tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Öňňin bolsa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, harby gullukçylary, işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Merkezi serkerdeler öýünde guralan sergä tomaşa etdiler. Sergide gözel paýtagtymyzyň waspyny ýetirýän bezeg diwarlyklaryna, heýkeldir nakgaşçylyk işlerine, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplaryna aýratyn orun berildi.

Hemişelik Bitaraplyk – asudalygyň girewi

Türkmenistanyň halkara giňişliginde ädýän her bir ädimi, onuň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň wajyp ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde giň goldawa mynasyp bolýar. Bitaraplyk — bu özara ynanyşmagyň guralydyr. Munuň özi ylalaşdyryjy hökmünde çykyş etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mazmuny boýunça halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, jedelleri parahatçylykly ýollar arkaly çözmek, döwletara hyzmatdaşlyk, deňhukuklylyk, çäk bitewülik we adam hukuklaryna hormat goýmak ýaly ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistan döwletiniň ylalaşdyryjy merkez hökmündäki orny ählumumy ykrarnama we ynama eýe bolýar. Biziň döwletimiz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasyna işjeň ýardam berýär. Ýurdumyzyň netijeli öňüni alyş çäreleri bolsa bähbitleriň ýakynlaşmagyny, Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda özara düşünişmek ýagdaýynyň berkidilmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna hemmetaraplaýyn ýardam we goldaw bermek babatda edýän tagallalary nusga alarlykdyr. Ýurdumyz ählumumy parahatçylygy hem-de

Döwrüň döredijilik ruhunyň dabaralanmasy

11-nji maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow eko­lo­gi­ýa çä­re­si­ne gat­na­şyp, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty­nyň 140 ýyl­ly­gy­na ga­bat­la­ny­lan köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe ba­dal­ga ber­di. Ir­den mil­li Li­de­ri­miz Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta bö­le­gi­ne ta­rap ug­ra­dy. Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz eko­lo­gi­ýa we sport çä­re­si­ne ba­dal­ga be­rip, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň paý­tag­ty­my­za gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry Ş.Dur­dy­ly­ýew bi­len bi­le­lik­de ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň giň, owa­dan ýol­la­ryn­dan geç­ýän ugur bo­ýun­ça ýo­la düş­di.

Sagdynlygyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda köpçülikleýin sport çärelerini, şol sanda welosipedli ýörişleri geçirmek babatda ajaýyp däbiň başyny başlady. Bu başlangyç watandaşlarymyzyň doly goldawyna mynasyp boldy. Olar paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda guralýan şeýle çärelere ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şol çäreler bolsa türkmenistanlylaryň müňlerçesini, şol sanda awtoulaglaryň eýelerini birleşdirýär. Olar bu günlerde awtoulaglaryny sürmeýärler. Şeýlelikde, ýollarda awtoulag serişdeleriniň sany ep-esli azalýar. Bu bolsa, öz nobatynda, umumy ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsir edýär. Ine, öňňin hem döwlet Baştutanymyz ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Ozal habar berlişi ýaly, şanly sene mynasybetli 10 — 25-nji maý aralygynda şeýle çäräni geçirmek başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary çykyş etdiler. Şunda milli Liderimiziň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky giň gerimli işleri aýratyn ähmiýete eýe boldy. Munuň özi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Diýarymyzda ykdysady we durmuş ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özger