"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ata-babalarymyz gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda bu syýasat aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi geçen ýyllaryň dowamynda milli Liderimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň we öňe sürýän başlangyçlarynyň tutuş dünýäde dabaralanýandygy bilen baglanyşyklydyr. Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurlarda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşyp, Türkmenistan BMG-de oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edip, tutuş adamzadyň geljegine bagly bolan çözgütlere işjeň gatnaşýar. Biologiki köp

Ekologiýa diplomatiýasy: durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny işjeň durmuşa geçirýär. «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatyndan ugur alyp, dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli döwletler we halkara guramalar bilen hoşmeýilli, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, Ählumumy Gün tertibiniň gaýragoýulmasyz meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna goşant goşmak, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolmak ýaly ýörelgeler ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Döwletimiz halkara giňişliginde bütin adamzady tolgundyrýan wajyp meseleleriň netijeli çözgüdini tapmakda kesgitleýji orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyz bu meselelere örän jogapkärli garamak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge çynlakaý çemeleşýär. Milli Liderimiziň häzirki döwrüň derwaýys meselelerine mynasyp jogap berýän çuňňur oýlanyşykly daşary syýasy başlangyçlarynyň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolsa, döwletimiziň halkara giňişligindäki täsirli ornuny has-da berkidýär.

Gülläp ösüşiň we abadançylygyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak we artdyrmak, ata Watanymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek boýunça köptaraplaýyn işler alnyp barylýar. Oba-şäherlerimizi bagy-bossanlyga öwürmek baradaky alada milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny, doly bahaly we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr. Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, tebigata söýgi türkmen halkynyň durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Daşky gurşawy gorap saklamak ulgamynda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz bu gün has-da kämilleşdirilýär. Muňa güneşli Diýarymyzda döwlet ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, aýratyn-da, dag eteklerinde, öri meýdanlarynda howa ýagdaýynyň ep-esli gowulanandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Daşky gurşawyň abadançylygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda tebigaty, onuň baýlyklaryny goramak, aýawly peýdalanmak we köpeltmek işlerine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Bu giň gerimli işler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Tebigaty goramak we ondan rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwlet ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan tebigy gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ekologiýany arassa saklamak, oňa täzeçe çemeleşmek bütin dünýäde möhüm ugurlaryň birine öwrüldi. Milli

Tebigatyň ajaýyp gözelligi

Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda bu ugurda uly işler durmuşa geçirilýär. Bag nahallaryny oturtmak, suwy tygşytly peýdalanmak, tokaý zolaklaryny döretmek ýaly işler üstünlikli alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olar ykdysadyýetimiziň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyny şertlendirýär. Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, Milli tokaý maksatnamasy ýaly ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde adam eli bilen emele getirilýän tokaýlaryň tutýan meýdanlary has-da giňeldi.

Tokaý zolaklarynyň meýdany artdyrylýar

25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak we döwlet ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmenistanyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda» kararyň taslamasy hödürlenildi.

Garagum — türkmen tebigatynyň görki

Gumda bolup görmediklere onuň üýtgeşik gözelligini göz öňüne getirmek kyndyr. Gum obalarynda henize bu güne çenli daşdan, kerpiçden gurlan jaýlaryň öňünde türkmeniň ak öýüni dikip ýaşaýanlar bar. Öýüň ortasyndaky ojakda ýanýan sazak odunyň bir çetinde lakyrdap gaýnap duran tüňçe, közüň üstünde jyzyrdap bişýän kömelekler, gap böwürdäki syrçaly gorküýze, düýeleriň, köşekleriň bozlaýan sesleri biziň çagalykda aňymyza ornan üýtgeşik ýatlamalardy. Garagum diýlende, hemişe meniň gözümiň öňünde şu görnüşler janlanýar. Serdar etrabynyň Ýylgynly obasyna her wagt görme-görşe gidenimizde, gumuň üýtgeşik tebigaty, çarwadarlaryň ýaşaýşy uly täsir galdyrýar. Sazakly, selinli oýlarda gumuň özboluşly aýratyn gözelligi özüne çekýär. Çägäniň üstünde nagyş ýaly bolup eýläk-beýläk uzap gidýän towşanyň, tilkiniň, her hili mör-möjekleriň yzlaryny ýalňyşman tanap bilýän gumlular sähranyň her depesiniň, oýunyň, takyrynyň aýratynlygyny kitap okan ýaly gürrüň berip bilýärler. Gum tebigatynyň, gumlularyň ýaşaýşynyň täsin wakalary hakda gyzykly söhbet edýärler. Her kakyň, takyryň, her bir guýynyň öz taryhy bar, nesilden-nesle geçip gelýän ýatlamasy bar. Şoňa görä, gumda bolup görmek, gyzykly dünýä syýahat eden ýaly.

Şypalydyr çeşme suwy, baglary

Tomus paslynda göwnüň gür bagly, çeşme-çaýly dag howasyny küýseýär. Belent dagdan akyp gelýän dury çeşmäniň sowuk suwundan ganyp-ganyp içesiň gelýär. Şu pursatda güneşli Diýarymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Köýtendaga gezelenç etmegiň lezzeti bir başga. Çig mal gorlaryna, tebigy baýlyklara eýe bolan Köýtendagyň haýwanat dünýäsinde-de, ösümlikler dünýäsinde-de, köp sanly gowaklarydyr gerişlerinde-de dünýäniň başga ýurtlarynda örän az duş gelýän täsinlikleri görmek bolýar. Ýurdumyzyň günorta gündogarynda, Amyderýanyň sag ýakasynda ýerleşýän Köýtendag ülkesi tebigy gözellikleri — täsin gowaklarydyr dereleri, kölleridir melhem suwly çeşmeleri, arça tokaýlyklary bilen göreni haýran edýär. Köýten obasynyň ýanyndaky uly çynar, 500 ýaşly arça agajy, köp sanly karst gowaklary, 1300—1600 metr belentlikde ýerleşen dinozawrlaryň yzy, 27 metr belentlikden gaýdýan Umbardere şaglawugy, köl suwunda ýaşaýan kör balyklar, «Gaýnarbaba» ýyly suw çeşmesi, «Kyrkgyz» gowagy... olaryň haýsy birine barsaň-da, täsinlikler dünýäsine aralaşan ýaly bolýarsyň. Köýtendagyň jülgeleri-de, gowaklary-da giden bir taryh. Geliň, olaryň käbirleri bilen gaýybana tanyş bolalyň. Gaýnarbaba çeşmesi. Garlyk obasynyň golaýynda ýerleşýän

Eko­lo­gi­ýa hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ru­dyr

AŞ­GA­BAT, 21-nji iýun (TDH). Şu gün paý­tag­ty­my­zyň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da “Türk­me­nis­ta­nyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýurt mak­sat­na­ma­la­ry­ny iş­läp düz­mek­de hem-de bu me­se­le bo­ýun­ça se­bit­le­ýin iş­le­ri alyp bar­mak­da gol­da­mak we kuw­wa­ty­ny güýç­len­dir­mek” tas­la­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len gur­na­lan Ut­gaş­dy­ry­jy se­riş­de bo­ýun­ça bi­rin­ji iş du­şu­şy­gy açyl­dy. Bu ge­zek­ki ge­çi­ril­ýän iki gün­lük du­şu­şy­ga Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, Da­şa­ry iş­ler, Ada­lat, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty, Bi­lim, Ener­ge­ti­ka, Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­lik­le­ri­niň, Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň we Sta­tis­ti­ka ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň jo­gap­kär iş­gär­le­ri, şeý­le hem Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we­kil­le­ri ça­gy­ryl­dy.

Daşky gurşawyň goragy ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, halkara maslahatlarda we forumlarda tebigy baýlyklary gorap saklamak, olaryň gorlaryny köpeltmek, tebigatdan rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýer-suw baýlyklaryna rejeli çemeleşmek ýaly döwrüň möhüm meselelerini öňe sürýär. Şeýle başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça diňe bir ýurduň çäginde däl, eýsem, sebit we halkara derejede möhüm işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan, daşky gurşawy goramagyň kanunçylyk binýady umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň özi milli kanunçylyk kadalaryny Türkmenistanyň ykrar eden Howanyň üýtgemegi barada BMG-niň Çarçuwaly Konwensiýasynyň, Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena Konwensiýasynyň, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň, Howply galyndylaryň serhetaşyr daşalyşyna we ýok edilişine berk gözegçilik etmek boýunça Konwensiýanyň, Biologik köpdürlülik hakyndaky Konwensiýanyň ýörelgeleri hem-de kadalary bilen utgaşykly sazla

Ekologiýa abadançylygy hemmeleriň bähbidine

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ekologiýa, daşky gurşawy goramak babatda wajyp işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň biri-de «Altyn asyr» Türkmen kölüdir. Ekerançylyk ýerlerinden gelýän zeý suw akabalarynyň Garaşor çöketligine ýygnanýan ýerinde döredilen emeli kölüň ekologiýa, ykdysady we durmuş meselelerini çözmekde, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almakda, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, balyk hojalygyny ösdürmekde, zeý suwlaryny ulanmakda möhüm ähmiýeti bardyr. Ol oba hojalyk maksatly täze ekerançylyk meýdanlaryny özleşdirmekde hem giň mümkinçilikleri açýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda hem uly işler amala aşyrylýar. Her ýylda baglaryň millionlarça düýbi ekilýär. «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki iş amala aşyrylýan mahalynda ekologiýa howpsuzlygy babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de adamyň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitlerini üpjün etmäge, daşky gurşawa antropogen we tebigy täsiriň netijesinde ýüze çykýan howpdan ony goramaga gönükdirilendir.

Aral: eko­lo­gi­ýa we yk­dy­sa­dy­ýet

Üçün­ji müň­ýyl­ly­gyň ba­şyn­da adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň ýüz­be-ýüz bol­ýan eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi äh­li döw­let­le­riň ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Bu ba­ra­da mil­li Li­de­ri­miz 25-nji maý­da ge­çi­ri­len BMG-niň ga­zy­lyp alyn­ýan se­na­gat bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li äh­lu­mu­my fo­ru­myn­da eden çy­ky­şyn­da: «Dün­ýä­de iri se­riş­de ön­dü­ri­ji ýurt­la­ryň bi­ri bo­lan we bu ugur­da öz jo­gap­kär­çi­li­gi­ne do­ly dü­şün­ýän Türk­me­nis­tan önüm­çi­lik mak­sat­la­ry bi­len daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça we­zi­pe­le­riň ara­syn­da de­ňe­çer­li­gi sak­la­mak ug­run­da ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­ýar» diý­mek bi­len, mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, onuň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak, jan­ly te­bi­ga­tyň bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi­ni sak­lap gal­mak we­zi­pe­le­ri­ne jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­ýär we bu ugur­da aý­ra­tyn iş­jeň­lik gör­kez­ýär. Aral ba­ra­da aý­dy­lan­da, bu

Ekologiýa diplomatiýasy

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly syýasatynda ekologiýa howpsuzlygy, daşky gurşawyň abadançylygy, arassalygy, tebigy serişdeleriň aýawly we rejeli peýdalanylmagy, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini, baýlygyny gorap saklamak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwletimiziň bu ugurda alyp barýan beýik işleri we geljegi nazarlaýan başlangyçlary dünýä halklarynyň bähbidine, halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Bütin adamzady tolgundyrýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Garaşsyz döwletimiziň ýöredýän syýasaty, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar. Munuň özi döwletimiziň syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Ýurdumyz derwaýys ugurlarda, ýagny howanyň üýtgemeginiň zyýanly täsirine garşy göreşmekde, suw-energiýa serişdelerini aýawly peýdalanmakda we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde halkara ýurtlary bilen guramaçylykly işleri alyp barýar. Şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň we senagat galyndylarynyň zyýanlaryny azaltmakda, Aralýaka sebitiniň ekologiýa meselelerini toplumlaýyn çemeleşmek arkaly çözmekde, Hazar deňziniň ekolog

Suw kanunçylygynyň hukuk binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, halkymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň bilen baglanyşykly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkara tejribä, häzirki döwrüň talabyna, durmuşyň milli kadalarynyň aýratynlyklaryna laýyklykda, oba hojalyk önümçiliginiň täze guramaçylyk-hukuk görnüşlerini peýdalanmak, suw serişdelerini netijeli we tygşytly ulanmak, zeýkeş ulgamlaryny doly güýjünde işletmek, ýer kadastryny dogry ýöretmek bilen baglanyşykly anyk wezipeler kesgitlendi. Bu ugurda hukuk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek, ýuridik we fiziki şahslaryň suw serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Suw kodeksi kabul edildi. Türkmenistanyň suw kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ady agzalan Kodeksden hem-de suw gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň maksatlary suwdan peýdalanmagyň ekologiýa taýdan howpsuz we ykdysady taýdan amatly derejesine ýetmek, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de daşky gurşawy gorap saklamak üçin suwlary goramagy üpjün etmek bolup durýar.

Gözel tebigatymyzy ýangyndan goralyň!

Daşky gurşawy goramak, tebigatdan we onuň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak, şeýle-de onuň görnüşlerini köpeltmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyz türkmen tebigatynyň gözelligini, ösümlikdir haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak barada yzygiderli alada edýär. Tebigaty söýmek, ony goramak her bir adamyň mukaddes borjy bolup durýar. Tomus paslynda howanyň yssy bolmagy bilen meýdandaky ot-çöpler gurap başlaýar. Bu bolsa, tebigatda ýangyn ýüze çykmak howpuny döredýär. Şoňa görä-de, gözel tebigatymyzda adamlaryň köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, ýangyn hadysasynyň ýüze çykmasynyň öňüni almak wajyp wezipedir.

Halkymyzyň baýlygy

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, biodürlüligini gorap saklamak bütin dünýäde möhüm meseledir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu babatda nusgalyk işler bitirilýär. Arkadag Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty jemgyýet bilen daşky gurşawyň arasyndaky berk arabaglanyşygy kepillendirýär, düzgünleşdirýär. Milli Liderimiz tebigatyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ekologiýa deňagramlylygyny saklamak, daşky gurşawyň gözelliklerini goramak babatda diňe bir ýurdumyz boýunça däl, eýsem, halkara derejesinde hem nusga alarlyk işleri durmuşa geçirýär. Şonuň esasynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän, ýitip, ýok bolup barýan görnüşlerini ylmy esasda öwrenmekde, olary köpeltmekde hem-de gorap saklamakda netijeli işler alnyp barylýar. Mähriban Arkadagymyz ekologiýa howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ýaly ileri tutulýan möhüm wezipä toplumlaýyn çemeleşmek bilen, bu ugurda ençeme wajyp kanunçylyk namalaryny kabul etdi. Şolaryň biri hem «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu Kanun ýurdumyzyň haýwanat dünýäsini durnukly dolandyrmak, yzygiderli ösdü

Eşretli ýaşaýşyň özeni

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan halkymyzyň milli gymmatlyklary täze öwüşginde has-da dabaralanýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bedew bady bilen ösmegi we halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda alyp barýan taryhy özgertmeleri eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljekki nesillerimiz üçin gorap saklamak milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyz bu möhüm ugurda halkara gatnaşyklara işjeň goşulyşmak bilen, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy, beýleki abraýly halkara düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan häzire çenli daşky gurşawy goramak boýunça ekologiýa konwensiýalarynyň we halkara ylalaşyklarynyň onlarçasyny tassyklady.

Durnukly ösüşiň bähbidine

Ekoulgamyň abat saklanylmagy il-ýurt abadançylygynyň esasy şertleriniň biri hökmünde görülýär. Döwletimiziň ekologiýa syýasatyny alyp barşynda hem bu ynsanperwer ýörelge aýdyň görünýär. Ýurdumyzda halkara möçberinde ekologik maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Geçen ýyllarda Hazar deňziniň we Aralyň ekologiýasy boýunça dürli meseleler biziň ýurdumyzyň çäginde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Meselem, «Hazar ekologik maslahaty», «Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatlar, olarda kabul edilen çözgütler ekoulgamdaky alnyp barylýan işleriň ähmiýetini täze bir derejä çykardy. Ýurdumyzda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy hem ekologiýa meseleleriniň sebit çäginde kämil çözülmegine täsirini ýetiren dünýä möçberli çäre hökmünde taryha girdi. Birinji Hazar ykdysady forumynyň öň ýanynda Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda dünýäde iň uly emeli adalaryň birinde guralan ekosapak bolsa «Dünýäde iň uly ekosapak» ady bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazyldy. Türkmenistanly alymlaryň geçiren bu sapagyna 2935 adam gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýöredilýän parasatly ekosyýasat öz miwelerini eçilýär. Adamlara öz sahawatyny eçilýän toprak we arassa howa, ekologiýa taýdan sagdyn önümler ildeşleri

Suwy süýjetmek — wajyp wezipe

Daşky gurşawy goramak meselesi häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň biridir. Ekologiýa meseleleriniň möhüm ugurlarynyň biri-de ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekdir. Sebäbi agyz suwy adamlaryň saglygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Membranaly ýa-da ters osmos hem-de termiki ýagdaýlar — köp basgançakly dessin gaýnadyp arassalamak we köp sütünli gaýnadyp arassalamak — suwy süýjetmegiň esasy usullarydyr. Suwy süýjetmekde elektrik dializ hem-de tehnologiýalaryň beýleki usullary ulanylýar, ýöne olar deňiz suwuny köp mukdarda süýjetmekde ykdysady taýdan elýeterli däldir.

Özboluşly sazlaşyk

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljek nesiller üçin saklap galmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Milli Liderimiz adamlaryň saglygyny goramagyň, ýaşaýyş-durmuş we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu giň möçberli işiň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde pürli hem-de saýaly agaç nahallaryndan ybarat tokaý zolaklarynyň çägi has-da giňelýär. Munuň özi tebigatymyzyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýar hem-de arassa howany üpjün edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy ýaly wajyp wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.