Al­ty müň ýyl­lyk heý­kel

16 Sentýabr 2021
2693

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky äpet daş­la­ryň ýü­zü­ne oýu­lyp ýa­sa­lan dü­ýe heý­kel­le­ri­niň 6 müň ýyl­lyk ta­ry­hy­nyň bar­dy­gy mä­lim edil­di. 2018-nji ýyl­da gu­rak se­bit­de 21 sa­ny dü­ýe we at şe­kil­le­ri ta­py­lyp­dy. Alym­lar Ior­da­ni­ýa­da­ky iki müň ýyl mun­dan ozal ýa­sa­lan «Pet­ra» ha­ra­ba­lyk­la­ry­na meň­zeş­di­gi­ni göz öňün­de tu­tup, bu daş­la­ryň hem iki müň ýyl­lyk ta­ry­hy­nyň bar­dy­gy­ny pi­kir et­di­ler. Em­ma düýp­li ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de bu ta­pyn­dy­la­ryň 6-8 müň ýyl ozal ýa­sa­lan­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Bu ba­ra­da «Jo­ur­nal of Archaeo­lo­gical Science Re­ports»-da ýaý­ra­dy­lan yl­my iş­de bel­le­nil­ýär.

Yl­my işiň aw­to­ry, Ger­ma­ni­ýa­da­ky Maks Plan­kyň ady­ny gö­ter­ýän adam­zat ta­ry­hy­nyň bi­lim ins­ti­tu­tyn­da iş­le­ýän, dok­tor Ma­ri­ýa Gu­ag­nin: «Şol dö­wür­de ýa­şan adam­lar bu ýe­re öw­ran-öw­ran gaý­dyp ge­lip­dir, bu bol­sa ýa­dy­gär­lik­le­riň sim­wol hök­mün­de asyr­la­ryň do­wa­myn­da äh­mi­ýet­li bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär» – di­ýip bel­le­ýär. Dok­tor Gu­ag­nin se­bit­de şu­ňa meň­zeş baş­ga-da ýa­dy­gär­lik­le­riň göz­len­jek­di­gi­ni, bu ýa­dy­gär­lik­le­riň go­ral­ma­gy­nyň äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­le­ýär.