Mürze Berhurdar Türkmeniň döredijiligi

30 Awgust 2021
2878

Halkymyzyň baý taryhynyň sahypalaryna nazar aýlasaň, dünýä taryhynda, ylmynda, edebiýatynda we sungatynda uly yz galdyran şahsyýetler sanardan kändir. Şeýle şahsyýetleriň biri hem Sefewiler döwleti döwründe halkymyzyň geçmiş taryhy barada kitap ýazan taryhçy we edebiýatçy Mürze Berhurdar Türkmendir.

Mürze Berhurdar Türkmeniň doly ady Mürze Berhurdar ibn Mahmud Türkmen Ferahi bolupdyr. Ol XVI asyryň ikinji ýarymynda häzirki Owganystanyň günbataryndaky Ferah şäherinde dünýä inenligi üçin, orta asyr adatyna görä, oňa Ferahi diýipdirler. Ýöne ol özüniň türkmendigini bildirmek maksady bilen adynyň soňunda «Türkmen» tahallusyny hem goşupdyr. Berhurdar Türkmene Hindistan ýerlerinde «Mumtaz» lakamyny hem dakypdyrlar. Mumtaz diýmeklik — dana, akylly, paýhasly diýmegi aňladypdyr. Ol ýaşlykda syýahat etmegi, alymlar bilen söhbetdeş bolmagy, rowaýatlary, hekaýalary diňlemegi gowy görüpdir. Ýaşlygynda Merwe gelýär we şäheriň şol wagtky häkimi Aslan han oňa bilim almaga kömek edýär. Merwden soň bolsa Yspyhana gidýär. Ol ýerde Berhurdar Türkmen mürze bolup işläp başlaýar. Iki ýyldan soň, ol ýene özüniň syýahatyny dowam etdirýär. Ol Eýranyň Maşat şäherine, Azerbaýjan ýerlerine barypdyr. Onuň syýahat eden döwründe ady agzalan ýerler Sefewiler döwletiniň düzümine degişli bolupdyr. Sefewiler döwletinden gaýdyp, Hindistandaky Beýik Mogollar döwletine barýar. Mogollor döwletinde resminamalar, kitaplar pars we türki dillerde alnyp barlypdyr. Şeýlelikde, Berhurdar Türkmen pars dilini gowy bileni üçin hökümdaryň köşgünde işe başlaýar we uly abraýa eýe bolýar. Soňra ol Eýrandaky Sefewiler döwletine ilçi edilip ugradylypdyr.

Parahat DURDYGYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty.