Şähryslamyň suw desgalary

9 Aprel 2021
2683

Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý — Gürgenç şahasynyň ugrunda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrap merkeziniň 20 kilometr demirgazygynda orta asyr Şähryslam şäheri ýerleşýär. Şähryslamda arheologik barlaglar 1898-nji ýylda F.A.Mihaýlow, 1902-nji ýylda W.W.Daýneko, 1930-njy ýylda A.A.Maruşenko, 1947-nji ýylda B.A.Litwinskiý hem-de W.M.Masson, 1959 — 1960-njy ýyllarda G.E.Markow we S.P.Polýakow, 1961 — 1970-nji ýyllaryň dowamynda türkmen arheologiýasyna saldamly goşant goşan alym Ý.Atagarryýewiň ýolbaşçylygynda geçirilipdir.

Orta asyrlarda gündogar ýurtlarynda gurlan şäherler, esasan, üç bölekden, ýagny içki galadan, esasy şäherden (şähristan) hem-de şäher eteginden (rabat) ybarat bolupdyr. Adatça, köşgüň we esasy şäheriň daşyna diňler bilen berkidilen galyň we beýik diwarlar aýlanypdyr. Köşkde şäheriň hökümdary, onuň maşgala agzalary we oňa ýakyn adamlar, şähristanda bolsa şäher ilaty, ýagny gullukçylar, emeldarlar, söwdagärler ýaşapdyr. Şäher eteginde, esasan, şäher hünärmentleri mesgen tutup, olaryň ussahanalary, önümçilik desgalary we ýaşaýyş jaýlary giň çäklere uzap, şäheriň daşyny gurşap alypdyr.

Aman BEHRANOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri.