Täsin tapyndy

12 Mart 2021
2772

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň merkezinde ýerleşýän «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň muzeý gaznasyna baryp, bu ylmy edaranyň hünärmenleri tarapyndan aýawly saklanylýan, içgin öwrenilýän we rejeleýji ussalar tarapyndan ozalky kaddyna, asyl nusgadaky şekiline getirilýän taryhy tapyndylary synlamak bizde örän ýakymly täsir galdyrýar. Biz, bilim işgärleri — terbiýeçiler, mugallymlar, şeýle hem medeniýet ulgamynda işleýän hünärmenler bolup, ýakynda bu ýerde duşuşyk geçirenimizde, goraghananyň hünärmenleri bizi täze tapyndylar bilen tanyşdyryp, olar hakynda gyzykly gürrüň berdiler.

Duşuşykda biziň üçin has täsirli bolup görnen zatlaryň biri-de, ýüzüne çyzyklar çyzylan, adaty inedördül kerpiç boldy. Etrap merkezinden 7 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän orta asyr Abiwerd-Peşdag ýadygärliginde ylmy-barlag işleri geçirilende tapylan bu kerpiç, aslynda, gadymdan gelýän düzzüm oýnunyň tagtasynyň hyzmatyny ýerine ýetiripdir. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, kerpijiň ölçegleriniň 22x22x4 bolmagy onuň ýasalan döwrüni kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Ylmy dolanyşykdaky bar bolan maglumatlara laýyklykda, şeýle ölçegdäki kerpiçler XI-XII asyrlarda türkmen topragynda ykdysady-syýasy taýdan gülläp ösen Türkmen Seljuk döwletiniň zamanasynyň önümi hökmünde häsiýetlendirilýär. Ýuka hem ýeňil bolany üçin şeýle kerpiçleri şol döwürde köp öndüripdirler.

Güljahan ÖWEZOWA,
Kaka etrabyndaky 3-nji «Körpe» çagalar bagynyň terbiýeçisi.