Taryhy seýilgähe seýran

8 Mart 2021
2390

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralanýan şanly ýylymyzyň 24-nji fewralynda paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna taýýarlyk görmek hem-de ony ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda Watanymyzyň ýüregi Aşgabadyň köp şanly wakalary başdan geçirendigini, bu günki gün ajaýyp paýtagtymyzyň öz nurana keşbi, aýratyn ruhubelent ýagdaýy bilen dünýäniň owadan şäherleriniň birine, tutuş adamzat ähmiýetli täze başlangyçlaryň ýüze çykýan we amala aşyrylýan, halkara ähmiýetli möhüm çäreleriň yzygiderli geçirilýän sebit merkezine öwrülendigini aýtdy.

Milli Liderimiz şundan ugur alyp, Aşgabadyň şöhratly taryhyny we onuň ajaýyp binagärligini wasp etmegiň terbiýeçilik we ýokary watançylyk ähmiýetini nygtap, Watanymyzyň täze taryhynda Aşgabadyň eýeleýän orny barada ýaşlaryň arasynda okuwlary, wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirmegiň zerur bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Aknabat KLYÇEWA,
«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň bölüm müdiri.