Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan hekaýat

17 Fewral 2021
1571

Öňem bir adamyň öýüne başagaýlyk aralaşypdyr. Ol aljyraňňylyga düşüpdir. Şol pursatda oňa dostunyň kömegi gerek bolupdyr. Ol dostuna aýalynyň ýaramaýandygyny, özüniň bolsa, bar harajadyny täjirlere haryt sargap berip goýberendigini, indem däri-derman almaga ýagdaýy bolmansoň, çäresiz oturandygyny aýdýar, ýanyna gelmegi hem sargyt edýär. Ýöne dosty wagty bilen gelmeýär. Ýaňky adamyň özi ara salym salyp, dostunyň obasyna gidýär. Barsa, onuň aýaly şorsuw bişirip oturan eken. Ol dostuny soraýar welin, aýaly onuň bazara gidendigini aýdýar. Ol adam sesini çykarmaýar. «Men muňa ýüregimiň töründen orun berdim. Munuň bolsa, meniň nähili güne düşendigim bilen işem ýok. Öz malyny gaýgy edinýär. Bazara gitmäge ýagdaýy bar. Meniň dermanlyk diýip soranym bolsa ýadyna düşmeýän ekeni» diýip, içini gepledişine öýüne gaýdýar. «Be-e, indi näme etsemkäm?! Karz-kowal alaýyn diýýän adamlarym hem häzir obada ýok. Olar dolanyp gelýänçäler, aýalym çydarmyka?» diýip gaýga batýar. Onuň öýüne tarap aýagy hem ädilmeýär. Ýolda iň bir ýakyn garyndaşynyňka degip geçýär. Olardan hem netije bolmandygy üçin, alaçsyz galýar. «Men indi diňe dileg edip oturmasam bolmady» diýip, öýlerine gelse, aýaly öňünde çaý içip oturanmyşyn.

— Be, keýwany, tüweleme, Alla meniň dileglerimi eşidendir — diýip, begenip onuň ýanyna gelýär. Şonda aýaly: