Zehinliler saýlandy

17 Fewral 2021
1837

Golaýda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň 3-4-nji synp okuwçylarynyň arasynda surat çekmek bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilen bäsleşige Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinden saýlama tapgyrda ýeňiji bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Jemleýji tapgyrda jemi 20 okuwçy kesgitlenen wagt aralygynda reňk bilen natýurmort çekmek boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň şertine görä, merkezde ýerleşdirilen natýurmorty ähli aýratynlyklary bilen talabalaýyk şekillendirmek üçin okuwçylara 3 sagat wagt berildi. Şeýlelikde, ýaşajyk suratkeşler öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Dawut ASGAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».